Ömrüň manysy

24 Mart 2021
1420

Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde hem-de bütin dünýäde parahatçylygy, abadançylygy gorap saklamakda uly işleri alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňe sürýän teklipleri, asylly başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldaw tapýar. Ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem barha ýygjamlaşýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplary milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmegiň ajaýyp mekdebi bolmak bilen, dürli dillere terjime edilip, dünýä ýaýyldy.

Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eseri hem okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.

Ogulnur IŞANGULYÝEWA,
welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy.