Hoşniýetliligiň baýramy

23 Mart 2021
1562

Bahar pasly biziň üçin diňe bir tebigatyň jana gelip, ýaşyl dona bürenýän, reňbe-reň gülleriň açylyp, çar tarapa gözellik eçilýän pasly bolman, eýsem ol ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlary alamatlandyrýan pasyldyr. Bu pasylda halkymyzyň arzyly baýramy bolan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlik bilen garşylanýar. Nowruz iň gadymy döwürden bäri belli bolan täze ýyl baýramydyr. «Awestada» onuň täze ýylyň başynyň ýazky gije-gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýändigi barada bellenilýär.

Milli bahar baýramy bolan Nowruz güni dost-doganlygyň, birek-birek bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, beýik ynsanperwerligiň, parahatçylygyň özboluşly beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Nowruz parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik, döredijilik gymmatlyklaryny özünde jemleýän, tebigatyň täzelenişini hem-de bahar paslynyň ajaýyplygyny alamatlandyrýan halkara baýramdyr». Halkymyz Halkara Nowruz gününi goňşy we doganlyk halklar bilen bilelikde belleýär. Munuň özi dostluga we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmekde Halkara Nowruz baýramynyň ähmiýetini hem-de ornuny görkezýär.

Orazmuhammet SÄHEDOW,
Orazmuhammet SÄHEDOW,