Türkmen diplomatiýasy: parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen

10 Fewral 2021
833

Milli Liderimiz ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny amala aşyrmak meseleleri boýunça maslahat geçirdi

9-njy fewralda döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça geçen, 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli düzümleriň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

"Nesil".