Innowasiýalar. tehnologiýalar. milli tejribe

11 Sentýabr 2024
54

Düýn Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň hem-de ugurdaş serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça geçirilýän bu halkara çäreler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Oguzabat» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralýar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekillerini, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny hem-de ýaş telekeçileri bir ýere jemlän forum tejribe alyşmak, täze hyzmatdaşlary tapmak, täze innowasion tehnologiýalardyr çözgütler bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Biz halkara çärä gatnaşýan hünärmenleriň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri, forum baradaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk.

Gagik MALIKIAN,
Finlýandiýanyň «Aquamec» kompaniýasynyň GDA döwletleri boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy:

Ýazga geçirenler Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW, Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».