Zehinli ýaşlaryň bäsleşigi

9 Sentýabr 2024
46

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny uludan toýlamaga taýýarlyk görülýän şu günlerde ýurdumyzda aýdym-sazly dabaralara, döredijilik bäsleşiklerine giň gerim berilýär. Her ýyl zehinli çagalaryň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem şolaryň biridir. Golaýda paýtagtymyzda geçirilen bäsleşige Diýarymyzyň ähli welaýatlarynyň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň wekilleri bilen birlikde lebaply ýaşlar hem gatnaşdylar.

Welaýatymyza wekilçilik eden Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Merjen Abaýewa bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda üstünlikli çykyş etdi. Eminler topary tarapyndan ildeşimiziň ýerine ýetirijilik ussatlygyna, ukyp-başarnygyna ýokary baha berildi. Ol «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda beýleki ýeňijiler bilen bir hatarda ildeşimiz Merjen Abaýewa hem degişli Diplom we noutbuk kompýuteri bilen sylaglanyldy. Şonuň ýaly-da bäsleşige gatnaşan ähli çagalara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz.