Ajaýyp ösüşleriň gadamy batlanýar

28 Awgust 2024
80

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň her bir güni ajaýyp ösüşlere beslenýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarynyň Galkynyşly döwrümizde döwrebap many-mazmun bilen baýlaşýandygyna şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda senagat we gurluşyk materiallary pudagynda öndürilýän dürli görnüşli önümleriň, şol sanda dünýä döwletlerinden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberi artdyrylýar. Şeýle-de, bu pudagyň eksport mümkinçilikleri ýokarlandyrylar. Soňky ýyllarda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmekde beýik işler amala aşyrylýar.