Bagtyýar halkymyzyň abadançylygy ugrunda

20 Awgust 2024
99

Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň ruhy baýlygyny artdyrmak, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 13-nji awgustda Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda ýerleşýän, tebigatyň täsin «merjeni» hasaplanýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna bardy. Şol günüň ertesi döwlet Baştutanymyz Günüň dogýan çagynda Hazar deňziniň ajaýyp howasyndan lezzet alyp, onuň kenarynda welosipedli gezelenç etdi.

«Ahal durmuşy».