Halk bähbitli maslahat

20 Awgust 2024
123

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda netijeli ösüşler guwandyryjy häsiýete eýe boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmegiň, halkymyzyň medeni we ykdysady durmuşyny özgertmegiň aýdyň, anyk ýollary kesgitlenildi. Ata Watanymyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatda taryhda görlüp-eşidilmedik derejede tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çünki adamzadyň bagtyýar ýaşaýşyny ösen, kuwwatly ykdysadyýetden, kämil medeniýetden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Şoňa baglylykda, Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolan barha kuwwatlanýan ykdysadyýetimizi dostlukly gatnaşyklary giňeldip, has-da berkitmek üçin giň ýollar açyldy.

Türkmen halkynda «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen paýhasly ýörelge bar. Şonuň üçin hemişe pähimdar pederlerimiziň durmuş tejribelerinden, ýol-ýörelgelerinden peýdalanmagy ýörelge edinýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet, halk bähbitli işiň başyny tutanda ilki halka geňeşýär. Agzybirligi, jebisligimizi, durmuş ýörelgesine öwrüp, ony asyrlarboýy dowam edip gelýän merdana halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir döwletli başlangyçlaryny, ählumumy bähbitleri nazarlaýan taryhy tutumlaryny, uzak geljege gönükdirilen özgertmelerini tüýs ýürekden goldaýar. Şu günler eziz Diýarymyzda bagtyýar ulus-ilimiz beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygyny ajaýyp zähmet üstünliklerine beslemäge taýýarlyk görýär. Bu şanly senäniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Bu asylly ýörelge halkymyzyň milli döwletliligini, mertebesini has-da şöhratlandyryp, Garaşsyzlygyň türkmen üçin mukaddesdigini, bahasyz gymmatlykdygyny, oňa bolan mizemez garaýşyny ýene-de bir ýola dünýä äşgär eder. Halk Maslahaty Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň we jemgyýetdäki durmuş gatlaklarynyň bähbitlerini sazlaşdyrmak bilen, ýurt derejesinde bilelikdäki hereketi guraýjy güýç hökmünde çykyş edýär. Eziz Diýarymyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň hemaýaty bilen ýurdumyzyň her bir raýatynyň döredijilikli zähmetiniň döwlet derejesinde goldanylýandygy, ýokary baha mynasyp bolýandygy ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşleriniň kepilidir. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda halkyň islegi nazarda tutulyp, durmuşa geçirilýän işler özüniň netijeliligi bilen raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda uly ähmiýete eýe bolýar. Ykdysady ösüş strategiýasynyň paýhasly saýlanylyp alynmagy, halkyň agzybir zähmeti Türkmenistany dünýäde ählitaraplaýyn sazlaşykly ösýän döwlete öwürdi.

Bahar BEKMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.