Zehin uçgunjyklaryny kämilleşdirýän mekdep

5 Awgust 2024
278

Sungata aşyk bolmaýan ýokdur. Onda-da çeperçilik sungatyna. Suratkeşdir heýkeltaraşlar, keramikaçydyr nakgaşçylar ynsana ruhy lezzet, gözellik eçilýärler. Olar dünýäniň ajaýyplyklaryny we täsinliklerini inçelik bilen duýýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çeperçilik sungatyna höwesli ýaş nesillerini göreniňde, olaryň sungata bolan söýgüsine guwanýarsyň, şekile geçirýän işlerine buýsanýarsyň. Çeperçilik sungatyny ösdürmek we kämilleşdirmek babatynda ýurdumyzda uly mümkinçilikler we şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik işler durmuşa geçirilýär.

Žurnalymyzyň döredijilik topary zehin uçgunlaryny kämilleşdirýän ojak bolan Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde myhmançylykda boldy. Onda biz bu mekdebiň alyp barýan işleri, geljekki meýilnamalary, mümkinçilikleridir aýratynlyklary bilen tanyşdyk. Bular dogrusynda bize Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň direktory Öwezgeldi Ýagmyrow şeýle gürrüň berdi:

Garahanjar BAÝHANOW,
«Güneş».