Medeniýet we sungat göwünleri birleşdirýär

15 Iýul 2024
210

Ýakynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekinde Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy boldy. Bu Medeniýet ýylynyň çäklerinde guraljak dabaralaryň dowamynda hytaýly tomaşaçylar türkmen milli sungatynyň dürli görnüşleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alarlar.

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan doganlyk halklar bilen medeni hyzmatdaşlyk babatda özüniň ynsanperwer garaýyşlaryny mälim edýär. Birek-biregiň gyzyklanmalaryna hormat goýmak esasynda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlykda özara medeni-ynsanperwer gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Bu babatda ýurdumyzyň sebitiň ykrar edilen parahatçylyk dörediji, iri medeni, taryhy merkezine öwrülendigini, merdana pederlerimizden miras galan sungatymyzyň hem medeniýetimiziň görnükli nusgalarynyň ençemesiniň dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orny eýeleýändigini  buýsanç bilen aýdyp bileris.

Enejan ANNADURDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.