Maşgalada çaga dünýä inenden ene-mamalarymyz oňa geýdirjek eşiklerini ýagşy arzuw bilen tikipdirler. Bäbek kyrk çileden çykandan soň, 3 – 4 ýaşaýança oňa kürtekçe, kirlik geýdiripdirler.
Kürtekçe – çagalaryň egnine geýýän eşigi bolup, ol dikligine dürli görnüşli mata bölejiklerden gurnalyp, işliklenip tikilýär.