«Daşoguz habarlary» gazetiniň «Hazynalar horjunyndan» sahypasyny her gezek uly gyzyklanma bilen okaýaryn. Onda milli mirasymyza dahylly berilýän täsirli makalalardyr gyzykly maglumatlar ýaşlarymyzy terbiýelemek bilen birlikde, baý medeni gymmatlyklarymyzy, taryhymyzy öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Gazetiň şu ýylyň 11-nji aprelindäki sanynda çap edilen «Çypdy» atly makala hem mende uly täsir galdyrdy. Ol çagalyk döwrümde gözümde galan pursatlary hyýalymda janlandyrdy.
Kakam pahyr daýhan adamdy. Onuň kendir gabygyndan tanap işişi, keçe gamşyny dokaýşy, gyýra örüşi çagalykdan gözümde galypdyr.