Pespällik
Biz Magtymguly Pyragyny öwüp beýgeldip bilýärmikäk? Beýle däl bolaýmasa. Men türkmen edebiýatynda özüniň pespälligi bilen Magtymgulyny beýgelden bir şahyry bilýärin. Ol Mämmetweli Kemine. Bu şahyra degişli diýlip aýdylýan rowaýatda ol: «Magtymguly şygryýet meýdanynyň oragyny orup gidipdir, bize onuň diňe hoşasyny çöpläýmek galypdyr» diýip aýdýar. Gör, nähili ajaýyp baha. Aperin, siz ussadyna!