Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň durnukly ösmegi bilen gazanylýan üstünlikler Bitaraplyk ýörelgelerimizden ugur alýan, Harby doktrinamyz esasynda giňden ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň netijeli durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikleri döredýär.
Ýakynda ýurdumyzyň günbatar sebitinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen geçirilen bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri hem muny aýdyň dabaralandyrdy.