Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Gyz gylykly owadan bedewlerimiz diňe ynsan syzgyrlygy, duýgurlygy bilen däl-de, eýsem, gaýratlylygy, çydamlylygy, wepadarlygy hem-de namysjaňlygy bilen kalbyňa gozgalaň salyp, buýsanç, guwanç duýgusyny döredýär, öçmejek yz goýýar» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda bedew atlarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen 2010-njy ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Assosiasiýanyň esasy wezipesi ajaýyp tohum atlary köpeltmäge we kämilleşdirmäge ýardam etmekden, bütin dünýädäki ahalteke atlaryny ýetişdirýänleriň bir gurama birleşmeklerini üpjün etmekden ybaratdyr.
Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan baý maddy we ruhy mirasy bar. Türkmen bedewleri hem halkymyzyň milli baýlygy, guwanjy bolup durýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Atda wepa-da bar, sapa-da» kitaplaryndaky halkymyzyň guwanjyna öwrülen gözelligiň, çeýeligiň, ýyndamlygyň nusgasy bolan bedew atlarymyzyň şanyna aýdylýan parasatly sözlerini okanyňda hem duýmak bolýar. Türkmen halkynyň ata-baba bedew ata goýýan sylag-sarpasy, bedewiň durmuşda tutýan orny, olaryň gadyr-gymmaty barada nakyllardyr atalar sözlerinde hem giňden beýan edilýär: «Ir tur, ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «At gadyryny münen biler...» ýaly nakyllar hem muňa aýdyň mysaldyr.