Geçen ýekşenbe güni ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenip geçildi. Bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli gözel paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň senenamasynda aýratyn orun alan bu wakalar türkmen halyçylarynyň gazanýan üstünliklerini, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpöwüşginliligini aýdyň açyp görkezdi. Şeýle hem, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ýörite Permany bilen, halkymyzyň iň gadymy sungat eseri bolan ajaýyp halylary dokaýan, şan-şöhratyny dünýä ýaýýan ussat halyçylaryň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy.
Halyçylyk türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biri hasaplanýar. Bu sungatyň dury gözbaşy asyrlaryň jümmüşinden gaýdýar. Çünki ol halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyna gadym döwürlerde kök uran sungat. Munuň şeýledigini Altaýyň Pazyryk depe diýen ýerindäki gadymy mazarlykdan türkmen halysynyň haýran galdyryjy nusgasynyň tapylandygy hem subut edýär.