Halyçylyk — türkmeniň amaly-haşam sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biri hasaplanýar. Köp asyrlaryň dowamynda halkymyz haly we haly önümlerini elde dokamagyň tehnologiýasyny we onuň çeperçilik aýratynlygyny kämil görnüşde biziň günlerimize ýetiripdir. Onuň hiç bir halkyňka meňzemeýän, çeperçilik taýdan düýpgöter tapawutlanmagynyň özi türkmenleriň halyçylyk senedi bilen has gadymy döwürlerden bäri meşgullanyp gelýändigini görkezýär.
Milli halyçylyk sungaty ýurduň durmuş-ykdysady ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegi bolup, ilatyň medeni özboluşlylygynyň görkezijileriniň biridir. Türkmen halysy öz nagyşlarynda taryhy we halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny biziň günlerimize çenli ýetirip, häzirki günde hem şöhlelendirýär.