Hyýalyny Hindistana baglan Pyragy

23 Maý 2024
831

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýagşylygy ündeýän taglymatlary häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk we dostluk barada ajaýyp şygarlar bolup dabaralanýar.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 17-nji maýda açylyp ulanmaga berlen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy muny aýdyň subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowamat-dowama besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagy hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgelerini has çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly: «Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň nyşanydyr».

Mährijemal HALLYÝEWA,
«Diýar» žurnalynyň uly edebi işgäri.