Türkmen halky Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eşretli döwrana ýetdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki bagtly ýaşaýşy görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Her günümiz toý, her günümiz baýram! Her bir baýram döwlet derejesinde uly şatlyk-şowhun, dabara bilen bellenilip gelinýär. Üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şeýle toýlaryň dabaralary dag aşýar.
Toýlarymyzyň, baýramlarymyzyň dabarasy neneň uludan tutulmasyn?! Bu Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halky has eşretli döwranda ýaşatmak üçin edýän taýsyz aladalarynyň netijesi. Toý-baýramlarda bolsa türkmeniň bereketli desterhany giňden ýazylýar. Şol dürli naz-nygmatlaryň arasynda bereketli topragymyzdan bolluk bilen ýygnalan ak bugdaýdan taýýarlanylýan dürli azyk önümleri agdyklyk edýär. Türkmen gallaçylary ata-babalarymyzyň daýhançylyk däplerine eýerip, uly iliň soltany bolan gallanyň bolçulygyny döredýärler.