Türkmen halylarynyň aýratynlygy

21 Maý 2024
848

Türkmen halk amaly sungaty baý we köpdürlüdir. Olar halydyr haly önümleriniň dürli görnüşlerinden başga-da, keçe nagyşlaryny, bejerme donlary, tahýalary we başgaplary, zergärçilik önümlerini aýal-gyzlaryň bezeg şaýlaryny, at esbaplaryny, keteniden tikilen önümleri we şuňa meňzeşleri öz içine alýar. Olarda halkyň ýaşaýşy we durmuş gurluşy öz beýanyny tapypdyr. Halk amaly sungatynyň dürli görnüşleriniň içinde has baýlaşany we öseni halyçylyk senedidir. Ol irki döwürlerden bäri dünýä meşhur bolmak bilen, şöhratyny häzire çenli saklap gelýär.

Halyçylyk sungatynyň däpleriniň köpasyrlyk taryhy bar. Türkmen halylary barada ilkinji ýatlamany baryp XIII asyrda italýan syýahatçysy Marko Polo galdyryp gidipdir. Ol öz kitabynyň XXI babynda: «Bu ýerde, bilýäňizmi, dünýäde iň nepis we owadan halylar dokalýar, şonuň ýaly-da bijaý gowy, gymmatbaha gyzyl hem başga reňkli matalar dokalýar, başga-da köp zatlar öndürilýär» diýip ýazýar. Eger-de Marko Polonyň döwründe halylar türkmen ilinde nepislik we owadanlyk babatynda şeýle derejä ýeten bolsa, onda haly önümçiliginiň taryhyň has irki döwürlerde kök urandygyny çaklamak kyn däl bolsa gerek. Çünki haly halkyň jümmüşinden çykan ady näbelli ussat zenanlaryň köp nesliniň döredijilik zähmetiniň önümidir.

Ogul­je­mal HAL­LY­ÝE­WA,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.