“Berkarar döwlet istärin”

16 Maý 2024
820

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary ösüşler üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin halkymyzyň asyrlar aşyp kämilleşen medeniýeti, dili, edebiýaty, sungaty, taryhy we gadymy milli mirasy ylmy esasda öwrenilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlygyny dünýä ýaýmak we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeleriň biridir. Hut şu jähetden hem häzirki ajaýyp döwrümizde akyldar şahyrymyzyň döredijiligini ýaş nesillere wagyz etmek mukaddes ýörelgeleriň birine öwrüldi.

Magtymguly Pyragy - çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimi orny eýelän beýik şahsyýet. Akyldar şahyryň döredijiligi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga öwrüldi. Dürdäne goşgy setirleriniň köpüsi dilden-dile geçip, nakyllardyr atalar sözüne öwrülipdir. Şonuň üçin hem bu pähimli sözleriň manysyny ýaş nesillere düşündirmekde bilim işgärleriniň aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek. Dana şahyr Watanyň ezizligini, mukaddesligini, gadyr-gymmatynyň beýikdigini nygtaýar.

Dilber JORAÝEWA,
Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Dänew etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň hünärmeni.