Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Garagalpagystanyň Dörtgül raýonynyň «Sary meý» sowhozynyň Meşikli obasyndan Meret Akgaýew bilen Dörtgülde Genjebaý mollada Magtymgulynyň harpy arapça, dili türkmençe kitabyny görüpdik. Ýaşy birçene baran goja kitaby eline alanynda: «Bismilla» diýip, üç sapar maňlaýyna togap etdi. Molla aga özbekçe, garagalpakça aýdymlaryň köpüsiniň Magtymgulynyň setirlerine sanalýandygyny, nakyl hökmünde-de Pyragynyň goşgy setirleriniň ulanylýandygyny aýtdy. Kitaby soranymyzda, ol: «Kitaby baryň sogaby zor. Kitaby haryň günäsi bar». Biz ony berip bilmeris, çünki edep-ekram, terbiýe, hatda dini meselelerde-de Magtymgula sygynýarys. «Magtymguly sözüm älemdir, // Nesihatym ulus-ile mälimdir» diýdi-de, mahmal daşly kitaby galyň akja ýaglyga dolap, pagsa diwardaky tekjede, çagalaryň elýeterinden ýokarda goýdy.
Dilegimiz bitmese-de, ýaşulynyň ýanyndan özümiziň türkmendigimize, Magtymgulynyň kitabynyň eý görlüp saklanylýandygyna buýsanyp çykyp gaýtdyk.