Ýaş nesliň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmekde taryhy-medeni gymmatlyklaryň hyzmaty uludyr. Şundan ugur alnyp, Watanymyza, halkymyza wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, olaryň ruhy kämilligini gazanmakda milli ruhy-medeni, taryhy gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň ornuna möhüm ähmiýet berilýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde dabaralanmagy hem muňa anyk subutnamadyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şeýle döwletli tutumlardan ruhlanyp, Etrek şäheriniň ýaşaýjysy, mirasgär Hudaýnazar Godanow Etrek etrabynyň taryhyny we ülkäni öwreniş döwlete dahylsyz hususy muzeýiniň işini ýola goýdy. Mirasgäriň bu ilhalar tutumy ýerli ýaşaýjylaryň hem-de etrap häkimliginiň goldawyna mynasyp boldy. Hemaýatkärleriň ýardamy bilen öz işini ýola goýan muzeý etrabyň taryhyny, göreldeli şahsyýetleriniň zähmet we durmuş ýoluny, olaryň nusgalyk işlerini içgin öwrenip, ýaş nesle ýetirmegi maksat edinýär. Etrapda bolsa şeýle şahsyýetleriň barmak büküp sanardan köpdügine muzeýde ýerleşdirilen maglumatlar doly şaýatlyk edýär. Şeýle-de muzeýde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyryň döredijiligini wagyz etmekde oňyn işler durmuşa geçirilýär.