Magtymguly – ynsan kalbynyň öçmejek nury

2 Maý 2024
962

Asyrlaryň dowamynda uly-uly şäherleri gurup, taryhda öçmejek yzlar goýan ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýörelgeleri bu günki bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň netijesinde täze many-mazmuna eýe bolýar. Bu gün halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy netijesinde Magtymguly atamyzyň arzuw eden döwletine, döwletliligine ýetdi. Halkymyzyň köküni çuňluklardan alyp gaýdýan belent çynardygyny äşgär edýän hakykatlaryň biri hem ynsan mertebesini ýokary götermek ugrunda akylyny, döredijilik ukybyny, kämil pähim-paýhasyny sarp eden, ähli eýýamlaryň akyldar ogly, parasatly şahyry Magtymguly Pyragydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň medeniýeti, sungaty, edebiýaty hem rowaçlyklara beslenýär. Munuň şeýledigini bolsa biz şu ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagynda hem aýdyň duýýarys. Çünki Magtymguly Pyragy beýik akyldar, şahyr hökmünde dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Şeýle beýik şahsyýeti dünýä beren türkmen halkynyň beýikligi, gadymy hem müdimiligi, şöhratly taryhy, we röwşen geljegi Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öz giň beýanyny tapýar.

Arslan GULGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň halkara hukuk gatnaşyklary bölüminiň esasy maslahatçysy.