Ylham — ýeňişlere badalga

30 Aprel 2024
860

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň kuwwatly ösüşleri bedew bady bilen öňe ilerleýär. «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar» diýip, ýagşy niýet-yrymlaryny bedew atlary bilen baglan türkmen halkynyň atçylyk bilen bagly ýörelgelerini, mirasyny, seýisçilik sungatyny nesilden-nesle geçirip gelmegi milli gymmatlyklaryň bir bölegine öwrülip galypdyr. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň durmuşy, medeniýeti, taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyz bedew atlaryny maşgala agzasy hökmünde görüp, altyn-kümüş şaý-sepleri, haly önümleri bilen bezäp guwanypdyrlar. Şahyrlar şygyrlarynda bedewleriň gözelligini, ynsan ýaly duýgurlygyny, syzgyrlygyny, ýüwrükligini çeper wasp edipdirler.

Atlary seýislemek başarnyklary bolsa, sungat derejesine ýetirilip, nesilden-nesle geçip gelýär. 2023-nji ýylyň dekabrynda ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi gadymy döwürlerden bäri türkmen atşynaslarydyr seçgiçileriniň tagallalary bilen döredilen behişdi bedewleriň janly sungat eseri hökmünde ykrar edilýändiginiň güwäsine öwrüldi. Asyrlaryň dowamynda kemala getirilen özboluşly däp-dessurlar, şol sanda atlary bezemek, mynasyp at dakmak däbi ahalteke bedewleriniň halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda täze doglan taýçanaklara Gahryman Arkadagymyzyň Şahyr, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ylham diýen atlary dakmaklary munuň nusgalyk mysalydyr.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».