Beýik Pyragynyň ýolun yzarlap...

28 Aprel 2024
695

Magtymguly Pyragy diýlende, onuň keşbini taryha salan Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýew barada gürrüň etmän geçmeklik mümkin däl. Şu ýyl Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenilip geçildi. Bu iki ägirdiň bellenilýän tegelek seneleriniň gabat gelmegi ýöne ýerden däldir. Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň ady Türkmenistan bilen birlikde beýleki ýurtlara hem bellidir. Onuň eserleri türkmen nakgaşçylygynyň altyn hazynasynda görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Nakgaşyň eserleriniň baş gahrymanlary zähmetkeş halk we türkmen halkynyň beýik şahyrlary Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Mollanepes, Seýdidir.

Aýhan Hajyýew ýaşlygyndan surat çekmeklige höwesli bolupdyr. Şol wagtlar onuň ýaşan obasynda täze haly nagyşlaryny döretmek üçin bäsleşik yglan edilýär. Mugallymlar mekdep okuwçylarynyň bu bäsleşige gatnaşmaklaryny gazanypdyrlar. Bäsleşikde Aýhan Hajyýewiň çeken haly nagyşlaryny kabul edipdirler we ýokary baha beripdirler.

Altyn Saparbaýewa,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň usulyýet işleri bölüminiň müdiri.