Emeli aň Finlýandiýadaky üçünji iň iri kofe öndüriji bolan «Kaffa Roastery» üçin täze kofe garyndysyny döretdi. Neýroulgamyň döreden garyndysyna «AI-conic» diýlip at goýuldy.
Garyndy «ChatGPT-ä» we «Copilota» meňzeş ösen modelleriň kömegi bilen işlenip düzüldi. Olaryň wezipesi kofe muşdaklarynyň isleglerini doly kanagatlandyrjak, ýöne şol bir wagtyň özünde, adaty usullaryň daşyna çykmaga mümkinçilik berýän garyndy döretmekdi.