Amerikanyň «Exodus Propulsion Technologies» başlangyjy reaktiwsiz kosmos hereketlendirijisiniň işlenip taýýarlanandygyny yglan etdi diýip, «Haýtek» ýazýar.
Başlangyjy esaslandyryjy we NASA-nyň öňki inženeri Çarlz Býuler «The Debrief» bilen guralan söhbetdeşliginde öz toparynyň ýangyç ulanman, dartyş güýjüni ýeňip geçmek üçin ýeterlik güýç döredip biljek enjamy döredip bilendigini aýtdy.