Datly enäniň hünäri

19 Aprel 2024
1083

Hepdäniň anna güni Gökdepäniň merkezindäki «Gökdepe» milli muzeýine bardym. Muzeýiň birinji gatyndaky türkmeniň milli ýörelgelerine bagyşlanan bölümiň tekjesinde rejelenip goýlan gelin kürtesi we namazlyk haly bada-bat ünsümi çekdi. Bu gözelliklere tarap biygtyýar ýöräp ugradym.

1930-njy ýylyň 20-nji awgustynda Ajykäriz obasynda dünýä inen Datly ene sünnäläp bejeren owadan gelin kürtesini we dokan namazlyk halysyny 2014-nji ýylda muzeýe sowgat beripdir. Muzeý işgärleri bu nusgalyk milli mirasy nähili görnüşde nesillere ýetirmek barada köp pikirlenip, ony gyzyl keteni köýnekde tara dokap oturan gelniň başyna atyp goýmagy makul görüpdirler. Namazlyk halyny hem ýaş gelniň gapdalynda goýupdyrlar. «Çaňňa», «tegbent», «golçurly goçak» we beýleki nagyşlar salnyp, inçelik bilen sünnälenip keşdelenen ýaşyl kürte nakgaşyň elinden çykan ajaýyp sungat eseri deýin, lowurdap dur. Gyrasarysyz düz keteniden tikilen kürtäniň goltugyna gyzyl keteniden sanjak edilen. Sanjagyň daşyna «atanak» nagşy edilip, alaja basylan. Onuň tutuş gyralary we ýartmajy gyzyl, sary, ak sapaklar bilen pugtalan. Ýokarylygyna şöhläni ýadyňa salýan «golçurly goçagyň» ýokary başyna dört ýaprak güljagaz edilen. Kürtäniň ýakasy «barmak», «egrije», «golçurly goçak», eltutary we syny «tegbent», «çaňňa», «golçurly goçak» nagyşlary bilen keşdelenen. Ýeňsapysy gyzyl keteniden bolup, agzyna gara ýüpekden jähek salnan. Ýeňiniň öň ýüzüne üç hatar edilip «tegbent», «çaňňa» we alaja nagyşlary sünnälenip salnan. Içliginiň içgisi gyzyl reňkli, gök gülli nah matadan bolup, kürtäniň boýy 108 santimetrden ybarat.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenmetbugatüpjünçilik» maddy-tehniki üpjünçilik kärhanasynyň baş hünärmeni.