Milli we umumadamzat paýhasynyň esaslandyryjysy

18 Aprel 2024
906

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde türkmen halkynyň medeni mirasyny, geçmişini, taryhy şahsyýetlerini çuňňur öwrenmekde we olaryň esasynda ýaş nesilleri ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Şeýle döredijiligi öwrenmeli, eserlerini ýol-ýörelge edinmeli şahsyýetleriň biri-de, Gündogaryň ajaýyp şygryýetini kemsiz özleşdiren, onuň iň gowy nusgalaryny öz döwrüne laýyklykda ösdüren, adamlary akyl hem ahlak taýdan terbiýelemekde ajaýyp mekdep döreden türkmen nusgawy edebiýatynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragydyr.

 Bu gün Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä ýaň salýar. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň Pariž şäherinde geçirilen 216-njy mejlisinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly halkara sanawyna goşuldy. Bu hödürnama ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparyň Sekretariaty tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen bilelikde taýýarlanyldy. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ýokarda agzalan halkara sanawa biziň ýurdumyzdan girizilen ilkinji ýazuw ýadygärligidir.

Tyllanur ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri.