«Samsung» 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde girdejisiniň 10 esse ösendigini hasaba aldy

14 Aprel 2024
835

Koreýa Respublikasynyň «Samsung Electronics» kompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde amal girdejisiniň 10 esse ýokarlanandygyny habar berdi. Kompaniýanyň baha bermegine görä, girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 931 göterim köpelip, 4,89 milliard amerikan dollary möçberinde boldy.

Girdejiniň ösüşi çip bahalarynyň, güýçli aşak düşmeden soň, ýene öňki kaddyna gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu emeli aňyň ösmegi bilen serwerlere we agzalan çipleri ulanýan beýleki enjamlara bolan islegi artdyrýar.

Taýýarlan: Kuwwat Tekemyradow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.