Ýurdumyz Milli Liderimiziň parasaty, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyl syýasaty, ahalteke bedewiniň bady hem-de Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasy bilen ynamly öňe barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmeniň beýik söz ussadynyň döredijiligini dürli jähtden, çuňňur we köptaraplaýyn esasda öwrenmek, ony wagyz etmek ýurdumyzda zähmet çekýän ähli kärdäki adamlaryň, ylym-bilim we sungat işgärleriniň, şol sanda Watan goragçylarynyň kalplaryna beslän maksatlarynyň birine öwrüldi.
Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilik häsiýetli goşgulary merdana ata-babalarymyzyň mertlik, batyrgaýlyk duýgularyna ýugrulandyr. Bu duýgular bolsa watansöýüji adamyň ruhunda ýaşaýar. Muny şahyryň şu setiri açyp görkezýär: