Kak suwy

10 Aprel 2024
928

Garagumda oturymly çarwalar, şeýle hem örüde dowar bakýan çopanlar uzak ýyllaryň durmuş tejribesinden kak suwundan peýdalanmagyň özboluşly tärini oýlap tapypdyrlar. Muňa ýakynda çarwa obasyndaky döwrede bolan söhbetdeşlikde göz ýetirdim. Ýagny ýaz aýlarynda takyrlyklara ýagan ýagyş suwunyň oý, toýun ýere ýygnanan ýerine «kak» diýilýär. Kak suwy bulanyk bolýar. Emma gumlular ony durlamagyň özboluşly tärini tapypdyrlar. Garagumda köne derýalaryň we kölleriň gurap giden ýerinde — depizlerde gips görnüşli gatlak duş gelýär. Ol ýerasty suwlaryň bugarmagy netijesinde emele gelýär. Şol gipsiň bir tokgasyny oda gömüp, mazaly ýakypdyrlar. Oda ýakylan gipsiň sähelçesini bulanyk kak suwuna atyp, kak suwuny durlapdyrlar. Çünki şeýle edilende, suwuň düzüminde toprak derrew aşak çökmek bilen bolýar. Şeýle usulda alnan suwdan gara taňkada demlenen, ojar odunyň tüssesi siňen çaýy içmegiň hem özboluşly lezzeti bar.

Begnazar BAÝLYÝEW,
Akdepe etrabyndaky 53-nji orta mekdebiň mugallymy.