Hytaýyň Aýyň ýüzündäki enjamlar bilen aragatnaşygy ýola goýmak üçin niýetlenen emeli hemrasynyň Aýyň orbitasyna ýerleşendigi mälim edildi. Ýurduň milli kosmos edarasy (CNSA) «Queqiao-2» atly emeli hemranyň uçurylandan soňra Aýyň 440 kilometr golaýynda orbita girendigi habar berildi. Mundan soňra emeli hemranyň beýikligi sazlanyp, degişli orbita ýerleşdiriler.
20-nji martda «Long March-8» göteriji raketa bilen uçurylan emeli hemra Hytaýyň kosmos tehnologiýasy akademiýasynyň (CAST) hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlandy. Agramy 1,2 tonna barabar bolan emeli hemrada iki sany antenna bolup, biri Aýyň ýüzündäki gözleg enjamy, beýlekisi Ýere maglumat goýbermek üçin niýetlenen.