Emeli aň we geljegiň eserleri

26 Fewral 2024
1015

Häzirki wagtda emeli aňyň (EA) mümkinçilikleri günsaýyn ösýär. Ylym, lukmançylyk we sport ýaly ugurlarda emeli aňyň kömeginiň zerurdygy hemmeler üçin mälim bolsa gerek. Häzir emeli aň keseliň alamatlaryny ýazsaňyz, aňsatlyk bilen size kesgitleme çykaryp berer. Emeli aň size edebiýat barada özboluşly düzme ýazmaga hem kömek eder. Isleseňiz, size islendik eseri dilden okap berer. Eger türgen bolsaňyz, emeli aňyň kömegi bilen berhiziňizi dykgatly meýilleşdirip bilersiňiz. Soňa galyberse-de, emeli aň siziň şahsy meseleleriňizde hem psiholog bolup berer.

Soňky wagtda internet ulgamynda emeli aňyň adam aňy gerek bolan ähli hünärleriň ornuny tutup biljekdigi hakda gürrüňler köpelýär. Ýogsam-da, temasyny salgy berseň, eliňe taýýar ýazgy berýän emeli aňlar ýazyjylaryň, žurnalistleriň hem-de terjimeçileriň ornuny eýeläp bilermi? Eýsem, bu barada dünýä metbugatynda nähili pikir-garaýyşlar öňe sürülýär.

Aýsenem NURYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby,«Dünýä edebiýaty»