Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň milli elektron kommunikasiýa ulgamlary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly hyzmatlary yzygiderli artdyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär.
Sanly hyzmatlaryň täze görnüşleriniň hatarynda “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan hususy kärhanalar bilen bilelikde işe girizilen “Duralga” atly mobil goşundyny görkezmek bolar.