Polşadan 25 medal!

18 Noýabr 2023
707

10 — 12-nji noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika dersi boýunça geçirilen halkara toparlaýyn bäsleşikde ildeşlerimiz üstünliki çykyş etdiler. Halkara bäsleşik Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy, Germaniýa, Awstriýa, Sloweniýa ýaly döwletlerden ýaş matematikleriň 100-e golaýyny bir ýere jemledi.

Şahsy we toparlaýyn görnüşde geçirilen bäsleşige ýurdumyzdan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary gatnaşyp, jemi 25 — 8 altyn, 11 kümüş, 6 bürünç medallary gazandylar.

Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».