Baş baýlyk
Gyş aýlary howanyň üýtgemegi netijesinde adam bedeninde dürli üýtgeşmeler ýüze çykýar. Sowuk howa möwsümleýin näsaglygyň ýitileşmegine getirýär. Ýiti respirator keselleri, bu dem alyş ýollarynyň ýiti ýokanç keseli. Ýiti respirator keseli bilen näsaglan adam asgyranda, üsgürende we gürlände howa-damja ýoly bilen sagdyn adamlara ýokuşýar. Kesel alamatlary üşütme, gyzgynyň ýokarlanmagy, kellagyry, bedeniň gowşamagy, bokurdakda agyry döremegi, umumy ysgynsyzlyk, işdä peslik ýaly alamatlar bilen başlaýar. Ýiti respirator keseli ýokuşan adamlar köpçülik ýerlerine, çagalar edaralaryna barmakdan saklanmaly. Maşgala lukmanyny çagyrmaly we lukmanyň maslahatyny ilkinji günlerden doly we dogry berjaý etmeli. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek keselden goranmagyň iň ýönekeýje usulydyr. Keselden goranmak üçin elleriňi hemişe arassa saklamaly, sabynlap ýuwmaly, arassalaýjy serişdeler bilen zyýansyzlandyryp durmaly. Eger-de özüňizde keseliň alamatlaryny duýsaňyz, töweregiňizdäki adamlardan howpsuz araçägi saklaň, agyz-burun örtügini hökman dakynyň, burnuňyza oksolin melhemini çalyň, ýaşalýan otaglarda üzärligi tütediň, otag mebellerini, gapylaryň tutawaçlaryny, pollary çyglanan esgi bilen arassalap duruň. Üzärligiň tüssesi ýylyň belli bir wagtynda döreýän birnäçe ýokanç keseliň öňüni alýar, adamlaryň bedeninde kesele garşy durumlylygy üpjün edýär. Üzärlik tütedilenden biraz wagt soň penjir