Aýdyň geljegiň nury
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň egsilmez yhlasy, öňdengörüjiligi hem-de çuň paýhasy bilen gözel paýtagtymyz gysga wagtyň içinde dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrüldi. Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde tanalýan baş şäherimiziň gözel künjekleri, seýilgähleridir ak mermere beslenen binalary, medeni-durmuş maksatly desgalary täsinligi, ajaýyp binagärligi bilen haýrana goýýar. Merjen şäherimiz Aşgabadyň özboluşly binagärliginiň, dünýä ülňülerine kybap gelýän giň we ýagty köçeleriniň, bagy-bossana beslenen seýilgähleriniň, täsin suw çüwdürimleriniň we jemgyýetçilik-medeni zolaklarynyň gysga döwrüň içinde kemala getirilmeginiň özeninde hormatly Arkadagymyzyň yhlasynyň, Watana bolan belent söýgüsiniň durandygy hemmämize mälimdir. Gözel paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini synlamak, onuň gaýtalanmajak binagärlik aýratynlygy bilen tanyşmak maksady bilen ýurdumyza gelýän jahankeşdeleriň, daşary ýurtly myhmanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen paýtagtymyzyň durky düýpgöter özgerip, sanlyja ýylyň içinde dünýäniň iň gözel şäherleriniň arasynda mynasyp orun eýeledi. Galyberse-de, gözelligiň taýsyz nusgasy bolan paýtagtymyz Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem mynasyp orun aldy. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermer bilen örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bü