"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şadiwanyň şuglasy

Eziz Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan ...Köneürgençden günbatara, Sarygamyşa tarap giden kerwenler Mangyr belentligine çykypdyrlar. Onuň depesinde şu wagtlar hem etekleri bilen ýaýran uly şäheriň yzlaryny görmek bolýar. Bu ýere Mangyr gala diýilýär, ýöne onuň esasy ýörgünli ady Halapdyr. Ol Siriýadaky köne Halap şäheriniň adydyr. «Şasenem — Garyp» dessanynda bu şäheriň ady getirilýär. Bu ýerde ýene iki sany orta asyr şäheri bolup, olar Amyderýanyň Sarygamyş kölüniň etegindäki köne hanasynyň ugrunda ýerleşýär. Biri-birinden gatybir uzakda bolmadyk bu şäherlere dessandan alnan atlar dakylypdyr. Olar Kawkazda hem-de Türkiýede meşhur bolan Şamahy hem-de Diýarbekir şäherleriniň atdaşlarydyr. Orta asyr şäheri bolan Suwburun şäheriniň galyndylary sebitiň günortasynyň we Garagum çölüniň araçäkleşýän ýerinde ýerleşýär. Ol türkmen däbine görä, gadymdan bäri ýöne Şasenem diýlip atlandyrylýar. Bu zatlaryň hemmesi dessanyň nähili meşhurlyga eýedigine şaýatlyk edýär.

Meşhur köçelere syýahat

«Abbey Road» «Abbey Road» Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäheriniň iň meşhur köçeleriniň biridir. Onuň esasy meşhurlygy köçäniň günorta-gündogar tarapynda, «Abbey Road 3» salgysynda ýerleşýän adybir aýdym-saz studiýasy bilen baglydyr. «EMI Group» mediakompaniýasyna degişli bolan bu studiýada dünýä belli iňlis aýdym-saz topary bolan «The Beatles» özüniň ençeme meşhur aýdymlaryny ýazgy edipdir. 1970-nji ýylda topar «Abbey Road» atly aýdym albomyny öz muşdaklaryna hödürleýär. Albomyň ýüzünde bolsa «The Beatles» agzalarynyň «Abbey Road» köçesiniň pyýada geçelgesinden ýöräp barýan pursadynda düşürilen fotosurat ýerleşdirilipdir. Hut şol fotosurat hem geçelgäniň dünýäde uly şöhrata eýe bolup, syýahatçylaryň ünsüniň çekilmegine sebäp bolýar. Häli-häzire çenli hem syýahatçylaryň arasynda bu köçäniň pyýada geçelgesinde durup surata düşmek diýseň ýörgünlidir.

Mawy ekranyň taryhy

Telewizor häzirki wagtda Ýer ýüzünde iň giň ýaýran elektron enjamlaryň biridir. Grek dilindäki «tele» — uzak we latyn dilindäki «visio» — görmek sözlerinden dörän telewizor sözi XX asyryň başlarynda ulanylyşa girizilýär. Ilkinji mehaniki telewizor 1923-nji ýylda Beýik Britaniýada Jon Logie Baird tarapyndan döredilýär. Şeýle hem, ol 1926-njy ýylda enjamda ak we gara reňklerden ybarat bolan ilkinji şekilleri görkezýär. Bu açyşdan soňra telewizora ABŞ, Ýaponiýa, Germaniýa ýaly döwletler tarapyndan hem uly gyzyklanma bildirilýär. Mehaniki telewizor ilkinji gezek toplumlaýyn esasda «Visionette» ady bilen «Western Television» amerikan kompaniýasy tarapyndan öndürilýär we 1929-njy ýylda satuwa çykarylýar. Bahasy 100 amerikan dollaryna golaý, görkezijilik hili pes bolan bu telewizorlarda sesleri eşitmek üçin goşmaça enjamlary gurnamaly bolupdyr. Telewizorlar döredilen gününden başlap yzygiderli kämilleşdirilipdir. Wagtyň geçmegi bilen elektron telewizorlar hem oýlanyp tapylýar. 1934-nji ýylda Germaniýada «Telefunken» kompaniýasy tarapyndan ilkinji elektron telewizor önümçiligi ýola goýulýar, şeýle hem «DFR» telestudiýasy işläp başlaýar. 1936-njy ýylda Germaniýada geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýurduň ilaty ilkinji gezek telewizorlar arkaly tomaşa edipdirler. Soňra bu enjam Beýik Britaniýa, Fransiýa döwletlerinde hem öndürilip başlanýar. 1930-njy ýyllaryň ahyrynda ABŞ-da 7000, G

Gadymy medeniýetiň gymmatlyklary

Hytaý irki döwürlerden bäri dünýäde ösen medeniýetiň merkezi hökmünde tanalýar. Muňa biziň günlerimize çenli gelip ýeten ençeme gadymy ýadygärlikler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle gymmatlyklaryň biri hem «Terrakota goşuny» ady bilen belli bolan hytaý imperatory Sin Şi Huan-diniň ýadygärlikler toplumydyr. Terrakota — gyzylymtyk-goňur reňkli bişirilen toýun bolup, bu gadymy künjekde toýundan ýasalan heýkelleriň örän köpsanlysy tapylýar. 1974-nji ýylyň mart aýynda Sian şäheriniň golaýynda, Lişan dagynyň gündogar böleginiň ýakynlarynda ýerli burawlaýjylar gadymy gubruň üstüni açýarlar. Imperator Sin Şi Huan-dine degişli bolan gubur gündogar tarapa 1,5 kilometre uzap gidýän, daşky diwarlarynyň perimetri 6 kilometre deň bolan giňişlikde ýerleşipdir. Bu ýerde 1978 — 1984-nji ýyllarda birinji, 1985 — 1986-njy ýyllarda ikinji, 2009-njy ýylda bolsa üçünji arheologiki gazuw-agtaryş işleri geçirilýär. Netijede, arheologlar tarapyndan ýadygärlikler toplumynda bişen toýundan ýasalan esger heýkelleriniň 8000-den gowragy, atlaryň heýkelleriniň 100-si, söweş arabalarynyň şekilleriniň 18-si tapylýar. Atlaryň heýkelleriniň her biriniň agramy 200 kilograma, esger heýkelleriniňki bolsa 135 kilograma ýetip, olar ýasalan wagtlarynda toýun ilki bişirilip, soňra dürli reňkler bilen boýalypdyr. Ýöne ol boýaglaryň reňki wagtyň geçmegi bilen bütinleý öçüpdir. Şeýle hem, her bir adam heýkeliniň ýüzüniň b

Çaý hakynda täsin maglumatlar

■ Rowaýata görä, ilkinji çaý biziň eýýamymyzdan öňki 2737-nji ýylda hytaý imperatory Şen Ningiň guran çaý ýapragyny tötänlikde gaýnag suwa gaçyrmagy bilen oýlanyp tapylýar. ■ Ýer ýüzünde çaýyň iň köp içilýän ýeri Irlandiýadyr. Beýik Britaniýa bolsa bu sanawda ikinji orunda durýar.

Durnukly ösüşiň bähbidine

Lebap welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňňin Türkmenabat şäheriniň «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we beýleki käbir ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, her bir ugur boýunça anyk wezipeleri kesgitledi.

Eziz Diýar täze sepgitleri nazarlaýar

13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Maslahatda häzirki döwürde ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg edilişi, şol birwagtyň özünde ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berildi. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin habar berildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylda meýilleşdirilen ähli işleriň guramaçylykly geçirilmelidigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýerlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleri baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şeýle hem ýaz ekişine taýýarlykly gi

Türkmen-owgan dostlugynyň aýdyň nyşany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynda dünýäniň ähli ýurtlary, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Iň ýakyn goňşymyz bolan Owganystan Yslam Respublikasy bilen doganlyk gatnaşyklarymyz hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Owganystanyň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalaryň ençemesi üstünlikli amala aşyryldy. Öňňin Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralaryň bolmagy hem muňa şaýatlyk edýär.

Berkararlyk nurundan ylham alýar, Aşgabat

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bu günki gün eziz Diýarymyzda we gözel paýtagtymyzda halk bähbitli, ýurt ähmiýetli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyzda dürli maksatly ajaýyp binalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň sany yzygiderli artýar. Bu binalar şäher gözelligine gözellik goşmak bilen, ençeme maşgalalary täze jaýlara eýe edýär. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda giňden bellenilýän şanly baýramçylyklar mynasybetli dürli binalary, ýaşaýyş jaý toplumlaryny açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen ençeme binalaryň açylyş dabaralary halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Muňa mysal edip hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan medeni-durmuş maksatly iri desgalar toplumynyň, ýagny, 12 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-synyň hem-de 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-usynyň açylyp ulanylmaga berilmegi aýratyn bellärliklidir. Bu ýerde «Türkmen alabaýy» binasynyň, «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkeziniň, çagalar oýun meýdançalarynyň gurulmagy daş-töwereginiň ajaýyp güller, agaçlar bilen bezelmegi bu künjegiň gözelligini has-da artdyrdy. Paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde Çoganly şäherçesinde bina edilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Ber

Parahatçylyk — baky abadançylyk

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde berkarar Diýarymyz ösüşleriň täze belentliklerine eýe boldy. Geçen ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyna 25 ýylyň dolmagy bilen demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň durmuşynda möhüm wakalar boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýanyň ikinji gezek kabul edilmegi bütin Ýer ýüzünde taryhy waka öwrüldi. 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisi bolup geçdi. Onda döwlet Baştutanymyz çykyş edip, umumadamzadyň baş wezipesi bolup durýan dünýä ähmiýetli meselelere halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.

Dünýäde islegli önümler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy maksady ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmakdan ybarat bolup, önümçilik kuwwatlyklarynyň ösdürilmegi, mineral çig mal ätiýaçlyklarynyň ykdysady taýdan netijeli peýdalanylmagy has-da ileri tutulýar. Geljegi rowaçly we ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan senagat pudaklarynyň biri-de himiýa senagatydyr. Geçmişe ser salsak, himiýa senagatynyň öz gözbaşyny birnäçe asyr mundan ozalky döwürlerden alyp gaýdýandygyny we geçen asyrda has kämilleşip, biziň döwrümizde güýçli depginler bilen ösýän häzirki zaman senagat pudagydygyny görýäris. Düýpli ylmyň we himiki tehnologiýalaryň okgunly ösmegi bilen bu pudak häzirki zaman ösüşiniň giň ýollaryny açýar. Türkmenistanyň himiýa senagatynda mineral dökünleriň önümçiligi has-da üstünlikli ýola goýulýar. Soňky ýyllarda olaryň önümçilik mümkinçilikleri täze desgalar arkaly has-da artdyrylýar. Şunuň bilen birlikde, azot önümlerini öndürýän zawodlaryň sany köpelýär, muňa mysal edip, 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid önümlerini öndürýän hem-de ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze zawodyň işe girizilendigini aýtmak bolar. Karbamid öndürýän zawodyň işe girizilmegi bilen, karbamidiň eksport edilýän möçberi has-da artdyrylýar.

Ýaşlar Watanymyzyň geljegi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyna aýratyn üns berlip, bu ugurda sanlyja ýylyň içinde uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzda adam saglygy ähli zatdan ileri tutulýar.Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy: «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýip belläp geçipdir. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi Saglygy goraýyş ulgamynda bitirilýän beýik işlerde hem özüniň mynasyp ornuna eýe boldy. Sagdyn durmuş, sagdyn jemgyýet ösüşleriň baş şertleriniň biridir. Bu işler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygyny, syýasy durnuklylygyny, halkara abraýyny artdyrýar. Jemgyýetiň aň-bilimini, medeniýetini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmeklige oňaýly şertler döredilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy barha ösýär. Bu bolsa, her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar. Şunda jemgyýetiň ahlak ýörelgesi raýatlaryň sagdynlygy, edep-ekramlylygy, watansöýüjiligi, maşgalanyň halallygy bilen kesgitlenýär. Terbiýäniň düýp binýady, hemişe we her bir ýurtda, ilkinji nobatda, maşgalada goýulýar. Türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn aň-düşünjeli nesil ýetişýär. Halkymyz çaganyň saglygyny doglan gününden alada edipdir. Häzirki wagtda ýurdumyzda çaga doglan gününden lukmanyň gözegç

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdede hamallar geleňsizlik diýlen zady ýatlaryndan çykarmaly bolarlar. Öz üstünlikleriňizi sypdyrmaň, işleriňizi başarnygyňyza görä ýerine ýetiriň. Iş ýerlerinde olar özlerini salyhatly alyp bararlar. Şahsy durmuşlarynda hyjuwdan ýaňa özlerine ýer tapmazlar. Hepdäniň ikinji ýarymynda hünär, iş orunlarynda hamallar täze başlangyçlary öňe sürüp, işlerini güýçli depginlerde alyp bararlar.

Hereket — saglygyň girewi

Biziň gün-günden pajarlap ösýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen adam hakyndaky aladanyň ilkinji orunda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Saglyk her bir ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlykdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwer syýasatyndan ugur alyp, halkyň saglyk babatda bilim we medeni derejesini ýokarlandyrmakda sagdyn durmuşda ýaşamagyň ýollaryny wagyz etmek möhümdir. Halkyň saglygyny, işjeňligini we ömrüni uzaltmagyň ýollaryny üpjün edýän sagaldyş çärelerini, duşuşyklaryny geçirmekde wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli geçirilmegi örän ähmiýetlidir. Şonuň netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çärelere giň gerim berilýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň sagdyn, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.

Lukman maslahat berýär

Gyşyň aýazly günlerinde adamlar limonly, itburunly, bally çaýa has köp isleg bildirýärler. Dürli miweleriň ter şireleri, hususan-da, naryň şiresi örän peýdalydyr. Ýöne gartaşan adamlara bulary degişli lukmanlar bilen maslahatlaşyp peýdalanmak zerur. Adam bedeniniň iýmiti kabul etmeklige bolan islegi hem pasla görä sazlaşýar. Mysal üçin, tomusda her bir adam uly isleg bilen garpyzdyr gawun ýaly bakja önümlerini iýmäge ymtylýar. Çünki bu döwürde beden köp suwuklygy talap edýär. Ýylyň sowuk pasyllarynda bolsa kädi, şugundyr ýaly ýokumly tagamlary kabul etmäge isleg döreýär. Diýmek, adam tagam kabul edende-de, geýnende-de, tebigat bilen sazlaşykly bolup, öz duýgularyny diňlemeli. Olara ünsli bolmaly.

Ilçi işe başlady

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen

Soňky ýyllarda täze eýýamyň her bir ýylynyň şygaryny yglan etmek ajaýyp däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Munuň özi, ýurdumyzyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine berk ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Golaýda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde şu ýylyň şygarynyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi. Dabara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Öňňin Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň halkara maliýe we ykdysady düzümler, şol sanda ÝTÖB bilen gatnaşyklaryny ep-esli giňeldendigini bellediler. Bu bank bilen hyzmatdaşlykda möhüm taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyryldy.

Žurnallaryň nobatdaky sany

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar Bitaraplyga, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen ýylda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine we onuň çäklerinde geçirilen dabaralara bagyşlandy. Umumy syn beriji häsiýetdäki makala döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan möhüm işleriniň biri hökmünde kesgitlän Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garalýar.

Belent maksatlary nazarlap

Merdana hem agzybir, döwletli hem bagtyýar halkymyz dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň daşyna pugta jebisleşip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene bir ajaýyp ýylyny, täze — 2021-nji ýyly uly joşgun, bagtyýarlyk, aýdyň geljege mizemez ynam bilen garşylady. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýyla ähmiýetli şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi, döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm tapgyrlaryna aýratyn ünsi çekmäge mümkinçilik berýär. Bellemeli ýagdaýlaryň biri-de, milli Liderimiziň başlangyjy bilen ykrar edilen bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan we syýasy partiýalardan gelip gowşan köpsanly teklipler nazara alnyp öňe sürüldi. Şeýle-de onuň manysy milli Liderimiziň dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy saklamak we pugtalandyrmak hem-de durnukly ösüş maksatlaryna üstünlikli ýetmek bilen baglanyşykly belent maksatlary nazarlaýan umumadamzat bähbitli öňe süren teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde tutuş dünýäde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasyna gabat gelýär. Munuň özi, mähriban Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.