"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Astana, 17-nji sentýabr (TDH). Şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow german işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Ýygnananlar GFR-iň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, şeýle ýokary derejedäki gyzyklanmanyň köpýyllyk bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi, döwletimizde daşary ýurtly işewürler üçin döredilýän amatly mümkinçilikler bilen şertlendirilendigini bellediler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýanyň Federal Kansleri bilen duşuşygy

Astana, 17-nji sentýabr (TDH). Şu gün Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilýän “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ynanyşykly we özara hormat goýmak esasynda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 16-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 16-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň, ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşygyň dowamynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, akademik Iwan Kuzmin bu gurama bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi we obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Soňra geňeşiň başlygy, Belarus Respublikasynyň oba hojalyk we azyk ministriniň orunbasary Wladimir Grakun çykyş edip, Arkalaşyga agza ýurtlarda seçgiçiligiň we tohumçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň oba hojalygy pudagy üçin, hususan-da, önüm öndürmekde we onuň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi

Aşgabat, 16-njy sentýabr (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde maýa goýum forumynyň hem-de Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk desgalaryny işe girizmek, düýbüni tutmak dabaralarynyň netijeleri boýunça brifing görnüşli halkara amaly maslahat geçirildi. Oňa ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda geçirilen maýa goýum forumynyň giň wekilçilikli düzümi we onuň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar hem munuň aýdyň güwäsidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy

Arkadag şäheri, 15-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha artýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi

Aşgabat, 14-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitlerinden wekiliýetler gatnaşdylar. Şu gezekki forum dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýakyn gatnaşyklaryň hem-de olaryň ata Watanymyzda geçirilýän giň gerimli çärelere işjeň gatnaşmagynyň döwletimiz tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň güwäsi boldy. 1991-nji ýylyň maýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň (DTYB) işi Garaşsyz Watanymyzyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alnyp barylýan işleriň mazmuny we ugry ýylyň-ýylyna giňeldilýär, birleşigiň agzalary öz ýaşaýan ýerlerinde dürli çäreleri guraýarlar. Bu günki gün DTYB döwletimiziň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny wagyz etmekde, taryhyny we dilini öwrenmekde aýratyn orny bolan abraýly halkara gurama öwrüldi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 13-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilýär. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada-da aýdyldy. Bu ugurdaky işler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alnyp barylýar.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna gatnaşyjylara

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!Mähriban doganlar! Sizi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy pugtalandyrmakda, dünýä türkmenlerini bir supranyň başynda has-da jebisleşdirmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmenistanda Wengriýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Wengriýa bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Ýožef Rožany Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň belent şahsy häsiýetleri öz üstüne ýüklenen jogapkärli wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan Size aýtjak sözleriniň ählisine, aýratyn-da, Siziň Alyhezretiňize meniň iň gowy arzuwlarymy, tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Türkmenistan — Owganystan: dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar Aşgabat — Mary welaýaty, 11-nji sentýabr (TDH). Şu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda täze, möhüm sahypa açyldy. Şu günki taryhy ähmiýetli wakalar munuň aýdyň güwäsi boldy. Bu wakalarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli syýasy strategiýasy öz aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyz bu döredijilikli ýola yzygiderli eýerip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen sebit we ählumumy derejede parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli infrastruktura taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky ÇYKYŞY

Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar!Gadyrly myhmanlar! Şu gün iki ýurduň durmuşynda taryhy waka bolup geçýär. Bu gün Türkmenistanyň we Owganystanyň özara gatnaşyklarynyň sene ýazgysyna şanly sahypa bolup girer. Biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ençeme iri möçberli taslamalaryň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygynyň şaýady bolýarys.

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Düýn türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli, döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Ynsanperwerlik ýüki çaga iýmitinden, azyk önümlerinden, bugdaýdan, senagat önümlerinden, ýangyç serişdelerinden ybaratdyr. Munuň özi ýurdumyzyň Owganystana köp ýyllaryň dowamynda goldaw bermek boýunça alyp barýan işleriniň dowamy bolmak bilen, türkmen we owgan halklarynyň arasynda däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

Goňşy goňşynyň galasy: türkmen-owgan gatnaşyklary rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bu gün ýurdumyzyň hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Şunda, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlyk ýörelgeleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň Owganystan bilen köpasyrlyk taryhy geçmişiniň bardygyny aýratyn bellemek gerek. Häzirki wagtda hem iki doganlyk halkyň arasyndaky syýasy-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklar barha giň gerime eýe bolýar. Köpugurly hyzmatdaşlygyň dürli pudaklaryny, şol sanda ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ýaly möhüm ulgamlaryny ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Düýn bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde teleköpri arkaly Arkadagyň ak ýoly bilen gaz, aragatnaşyk, elektrik, ulag geçiriji desgalaryny işe girizmäge badalga bermek dabaralary boldy. Dostlukly gatnaşyklaryň täze tapgyryna nobatdaky möhüm badalga bolup hyzmat eden bu dabaralar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň hem netijeli görkezijisine öwrüldi. Ýeri gelende bellesek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň awgust aýynda paýtagtymyzd

Myhmanlara söz berýäris:

Selina LI,Hytaý Halk Respublikasynyň «Huaxiang» kompaniýasynyň hünärmeni: — Meniň Türkmenistana ilkinji gezek gelşim. Türkmenistan örän ajaýyp ýurt. Ak mermerli binalar, myhmansöýer halk maňa diýseň ýaraýar. Bu günki geçirilýän halkara maslahat we ugurdaş sergi ýokary derejede guralypdyr. Bu ýerde bize dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik bar. Halkara serginiň we maslahatyň dowamynda biz birnäçe kompaniýalaryň hünärmenleri bilen pikir alyşdyk. Biz hem «Huaxiang» kompaniýasynyň agzybir işgärleri bilen özümiziň ýokary derejeli önümlerimizi görkezmäge geldik. Biziň kompaniýamyz gurluşykda we binagärlikde zerur bolan enjamlaryň onlarçasyny öndürýär. Şu halkara maslahat we sergi bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Halkara hyzmatdaşlygynyň belent gadamlary

10-njy sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergi öz işine başlady. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahata türkmen tarapyndan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Dilde dessan paýtagtymyz

Gözel paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn beýik ösüşleri döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň arasyndaky sazlaşykly gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýtagtymyzy mundan beýläk-de ähli görkezijiler, şol sanda hil we netijelilik, estetika, ekologiýa boýunça ýokary derejeli gurmagyň we abadanlaşdyrmagyň meselelerini berk gözegçilikde saklaýandygynyň netijesinde bitirilýän beýik işler biziň her birimiziň guwanjymyzy goşalandyrýar. Paýtagtymyzyň Bitarap Türkmenistan, Garaşsyzlyk, Türkmenbaşy, Gurbansoltan eje, Arçabil, Çandybil, A.Nyýazow, Magtymguly, N.Andalyp, G.Kulyýew, Taslama ýaly onlarça şaýollarydyr köçeleri, «Parahat 7», «Täze zaman», «Çoganly», «Gurtly» ýaşaýyş toplumlary gözelligi, köpugurly şertleri, özboluşlylygy bilen köpleriň ünsüni çekýär. Gözel paýtagtymyz berkarar Diýarymyzyň beýik ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny, arzuw-isleglerini aýdyň şöhlelendirýär. Häzirki wagtda berkarar Diýarymyzyň ýüregi ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp seýilgähleri, ýaşyl bossanly, owadan güllere beslenip oturan köçeleri, täsin binagärlik toplumlary aşgabatlylaryň hem-de myhmanlaryň kalbynda ajaýyp duýgulary döredýär. «Ylham» çeperçilik-seýilgäh toplumy, «Aşgabat» medeni-dynç alyş, Arkadag, «Bagtyýarlyk», «10 ýyl Abadançylyk», «Garaşsyzlyk», «Altyn asyr», «Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy», N.Halmämmedow seýilgähleri gür baglary, ajaýyp gül

Güýz

Ruhy Galkynyş: ylham joşguny Sary güýzüm,                altyn güýzüm,                               a:l güýzüm,Gözel güýzüm,               göwher güýzüm,                                 gül güýzüm,Beslenip mähirden,                        yşk-u-heserden,Gujak gerip,               gel ýanyma,                               gel, güýzüm!

Garaşsyzlyk bagty

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, gazanylýan uly zähmet üstünlikleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny has-da pugtalandyrýar. Şu günler mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygyna zähmet üstünlikleri bilen barmak üçin yhlasly zähmet çekýär. Garaşsyzlyk — bu berkarar Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny we bitewüligini şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen ajaýyp Watanymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna gurýar we döredýär, Garaşsyzlygyň peşgeş eden bagtyna çäksiz buýsanç duýgusy bilen ýaşaýar. Mähriban halkymyz bu mukaddes baýramçylygy has-da şowhunly, dabaraly belläp geçmek üçin ykjam taýýarlanýar. Çünki türkmen döwletiniň beýik we nurana baýramy — mukaddes Garaşsyzlyk güni kämillige tarap ösýän we özgerýän jemgyýetimiziň gymmatlygydyr, ildeşlerimize ruhubelentlik, çäksiz güýç berýän buýsançly toýumyzdyr.

Enä tagzym — mukaddeslige tagzym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylym, bilim we medeni ulgamlarda alyp barýan halkara dostlukly gatnaşyklary uly rowaçlyklara beslenýär. Halklaryň özara gatnaşygynda söz hem saz birek-birege ynanyşmagyň, hormat goýmagyň iň ygtybarly we bähbitli serişdesi hökmünde hiç döwürde-de öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Halkymyzda «Dilim bar — dünýäm bar», «Bir dil bilen bir adam, köp dil bilen köp adam», «Dil bilen dünýäni gezer» ýaly pähimler durmuş tejribeleri esasynda ýüze çykypdyr. Dil diňe bir bilim almagyň, ylymly bolmagyň çeşmesi bolman, eýsem, terbiýeçilik işinde-de ägirt uly täsir ediji güýje eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseri bu babatda örän uly ähmiýete eýedir. Ynsanyň kalbynda orun alan mähribanlyklara, milli gymmatlyklara bolan sylag-hormat, söýgi çäk hem wagt talap etmeýän düşünjeler hasaplanýar.