"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halk Maslahaty — agzybirligiň berk binýady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem eziz Diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Şu günler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm waka —Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagtyýar raýatlarymyz sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna uly zähmet üstünlikleri bilen barýar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen halk pähimine hem-de ata-babalarymyzyň taryhy tejribesine esaslanyp geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halkymyzyň agzybirligini berkitmekde, ýurdumyzy ösüşlere beslemekde ähmiýeti uludyr. Halk Maslahatynda ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, zähmet çekmegini üpjün etmek ýaly il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere berilýän bilim has-da kämilleşdirilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin okuw kitaplarydyr gollanmalar yzygiderli neşir edilýär. Şu ýyl hem ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen 1-nji synpa gelen körpejelere hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuter gowşuryldy. Elleri täze kompýuterli körpeleriň ümzügi ileri. Täjigistan Respublikasynda hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän t

Ýaş zehinleriň owazy

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» — bagtyýar çagalaryň şatlygy Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy.

Ýolumyz rowan — menziller dowam

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň geçirilmegi halkymyzyň abadançylygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly asylly maksatlardan ugur alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzyň aýna ýaly döwrebap ýollary durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär. Awtomobil ýollarymyz dünýä ülňülerine laýyk getirilip, awtoulaglara edilýän hyzmatlar hem ýokarlandyrylýar. Ýollaryň hem adamyň howpsuzlygy üçin wajyp bolan öz tertip-düzgüni, ýerine ýetirilmeli hökmany kadalary bar. Häzirki bagtyýar zamanamyzda oňyn özgertmeleriň netijesinde günsaýyn ösýän ýurdumyzda ulaglaryň sanynyň köpelýändigi göz öňünde tutulyp, döwrebap awtoduralgalar gurulýar, sürüjiler we pyýadalar bilen ýol hereketiniň howpsuzlygy barada möhüm işler amala aşyrylýar. Mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda ýol hereketiniň düzgünleriniň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegine, şikes ýetmeleriň öňüniň alynmagyna gönükdirilen düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bilen bilelikde geçirilýän çärelerde ýol hereketiniň kadalary barada giňişleýin gürrüň edilýär. Bu bolsa, aýratyn hem, ýaş nesliň ýol hereketi baradaky düşünjeleriniň baýlaşmagyna, köçelerde seresap bolmagyna kömek edýär. Köçe-ýol hereketiniň d

Diýar waspy dünýä içre ýaň salýar

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden iki aýdymçy jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Netijede, 14 sany ýaş aýdymçy «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etdiler. Konsertiň jemleýji tapgyrynyň ähli gatnaşyjylarynyň ýerine ýetirmeginde bäsleşigiň özboluşly senasyna öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» atly aýdym bilen dabaraly başlanmagy döredijilik çäresine baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Açyk sahna meýdançasyndaky çykyşlar halkymyzyň aýdym-saz medeniýetiniň ösdürilmegi hem-de ýaş zehinleriň döredijilik taýdan kemala gelmegi üçin uly mümkinçilikleri döretmek ugrunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ägirt uly aladasynyň subutnamasydyr.

Daşky gurşawyň abadançylygy — ýaşaýşyň abatlygy

16-njy sentýabr — Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni Her ýylyň 16-njy sentýabry Ozon gatlagyny goramagyň halkara günüdir. Häzirki wagtda ozon gatlagyny goramak meselesi dünýäde iň möhüm global meseleleriň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzda atmosfera we onuň düzüm bölegi bolan ozon gatlagyny senagat önümçilikleriniň zyýanly zyňyndylaryndan goramaga gönükdirilen «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasyny ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna ornaşdyrmak, pes uglerodly energetika geçmek babatda giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Hamallara geljek hepdede täze tanyşlyklar garaşýar. Bu täze tanyşlygyň siziň geljegiňiz bilen bagly çözgütleriňize üýtgeşme girizmegi ahmal. Maddy mümkinçiligiňize oýlanyşykly çemeleşmegiňiz gerek.

Iň uly teleskop

Hytaý Halk Respublikasynda dünýäniň iň uly teleskopy ýerleşýär. Güni öwrenmek maksady bilen Tibet daglygynda gurlan «Daoçen Gün Radio» teleskopynyň gurluşygy 2022-nji ýylda tamamlandy. Teleskop diametri 3 kilometr bolan çäkde halka şekilli ýerleşdirilen 300-den gowrak antennadan ybarat. Geljek birnäçe ýylyň dowamynda bu desga arkaly Günde bolup geçýän hereketler has ýakyndan öwreniler. Şeýle teleskoplar Günüň üstünde bolup geçýän partlamalary öwrenmek üçin örän amatly. Soňky ýyllarda şunuň ýaly teleskoplaryň artmagy astronomiýa bilen gyzyklanýan alymlar üçin uly mümkinçilik döredýär.

Ak arzuwlaryň mekany

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly meniň hem durmuşymda ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebini üstünlikli tamamladym. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikleriň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen taslama (ylmy döredijilik) bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ynsanperwerlik ugry (türkmen dili we edebiýaty dersi) boýunça 3-nji orna mynasyp boldum. Ýaşlykdan mugallym bolmak höwesi meni Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebine alyp geldi. Şu mekdebiň talyby bolmak bagty maňa miýesser etdi. Munuň üçin begenjimiň çägi ýok. Ýaşlaryň döwrebap ylymly-bilimli bolmagy üçin döredýän ajaýyp şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!

Begenjimiziň çägi ýok

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni ýaşlaryň durmuşynda täze ylmy, döredijilik we zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan wakalara beslenýär. Şu ýyl ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ispan dili hünäriniň talyby bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Durmuşymda şeýle ajaýyp pursatyň bolandygy meni diýseň begendirýär. Ýurdumyzda ýaşlara bilim ulgamynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak babatda döredilýän mümkinçilikler biziň ählimizi guwandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyby hökmünde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlara döredip berýän köpugurly mümkinçilikleri üçin köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Diýarymyzy ýeneki ösüşlere alyp barmakda üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

Berjaý edilmeli kadalar

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy bilim edaralarynyň binadyr desgalarynda, olaryň çäklerinde gaýragoýulmasyz ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ýatladýar. Elektrik ulgamyna birikdirilen enjamlary gözegçiliksiz galdyrmazlyk, ütügi ýörite otagda ulanmak maslahat berilýär. Näsaz hem-de aşagyna goýulýan oda durnukly gatlagy bolmadyk mahalynda olary ulanmakdan saklanmaly. Kebşirleýiş we açyk ot ulanmak arkaly işleri bilim edaralarynyň ýolbaşçysynyň resmi rugsady bolmasa geçirmek gadagandyr. Bu işler diňe ýörite hünärmenler tarapyndan alnyp barylmaly. Şular ýaly işler geçirilýän ýerleri ilkinji ýangyn söndüriş enjamlarydyr gurallar bilen üpjün etmeli. Bilim edaralarynyň ähli binalary we otaglary ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleridir enjamlary bilen üpjün edilip, olaryň iş kadalary bilen ähli işgärleri tanyşdyrmaly. Mugallymlardyr terbiýeçiler we beýleki işgärler synp otaglarynda okuw sapaklary gutarandan soň, otaglary örän ünsli gözden geçirip, ýüze çykarylan kemçilikleri düzedip, elektrik ulgamynyň öçürilendigini barlamaly.

Saglygymyz öz elimizde

Mähriban ildeşler, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak, pugtalandyrmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine pugta eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaly.

Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar

Aşgabat, 10-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, “HI-TECH Türkmenistan — 2024” atly sergi öz işine başlady. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle hem maslahata türkmen tarapyndan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry) Eziz watandaşlar!Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 10-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandaryň we Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna geldi. Gahryman Arkadagymyzy hormatly ýaşulular mähirli garşyladylar. Milli Liderimiz Mary welaýatynyň ýaşululary bilen hal-ahwal soraşyp, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklandy.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 9-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň, eşretli durmuşynyň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» halkara sergisinde «Iň tapawutlanan “akylly” şäher» (Smart city excellence award) atly baş baýraga; «Daşary ýurt “akylly” şäheri» (Foreign city award); «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» (WSCE 2024 Contribution award) atly halkara baýraklara mynasyp bolmagy bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Arkadag şäheriniň täze halkara baýraklary

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, «World Smart City Expo» atly halkara sergä gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan, Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdeleriniň öndürijileri bilen duşuşmak we degişli zawodlaryň işleri bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde wekiliýet agzalary myhmanlary Arkadag şäherine bagyşlanan sergi bölümi bilen tanyşdyrdylar. Netijede, ýurdumyzyň «akylly» şäheri 3 sany baýraga mynasyp boldy. «World Smart City Expo» sergisine Koreýa Respublikasynyň welaýatlarynyň, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň, birnäçe döwletiň, şol sanda Türkmenistanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Tailand Patyşalygynyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň, Daniýa Patyşalygynyň, Finlýandiýanyň we Ysraýyl Döwletiniň wekilleri gatnaşdylar. Jemi 116 pawilýony özünde jemlän gözden geçirilişe ministrler, ministrleriň orunbasarlary, welaýat häkimleri derejesinde 60-dan gowrak ýurduň wekilleri synçy hökmünde gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy

Arkadag şäheri, 7-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Häzirki wagtda şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen edaralaryň, binalaryň, durmuş maksatly desgalaryň işi döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýuldy. Munuň özi iri şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, sebitleri senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek, ýokary ekologik derejäni üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr. 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy es

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamany kabul etdi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçilik tarapyndan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr. Ata Watanymyz Türkmenistanda sport ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan diňe bir iri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, sebit we dünýä derejeli ýaryşlaryň geçirilýän merkezine hem öwrüldi. Türkmen türgenleriniň halkara bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri bu ugurda alnyp barylýan