"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Okamak, öwrenmek — ynsanyň bezegi

Ýurdumyzda üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamy uly ösüşlere beslendi. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalarynyň esasy maksady mekdebe çenli, başlangyç bilim, esasy orta, doly orta, ýokary bilim mekdepleriň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Kompýuter synplary, lingafon otaglary, aýdym-saz we sport zallary mekdebe çenli kiçi ýaşly çagalaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmeklige, okuw, terbiýeçilik, usulyýet işleriniň halkara ýörelgelere laýyk guralmagyna ýardam berýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň hakyky merkezi bolan ýokary bilimiň ösdürilmegi babatda möhüm işler hem üstünlikli alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdeplerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, olaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ýokary okuw mekdeplerini doly hojalyk hasaplaşyk usulyna tapgyrlaýyn geçirmek maksady bilen, tölegli esasda okamaga isleg bildirýänler üçin orunlar bölünip berilýär. 2024 — 2025-nji okuw ýylyndan başlap, ýedi sany ýokary okuw mekdebi ýene-de 13 sany täze ugur boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýar

Çagalaryň bagtyýarlygy — geljegiň ygtybarlylygy

Ýene-de sanlyja günden tomusky dynç alyş möwsümini tamamlan çagalardyr ýetginjekler 2024 — 2025-nji okuw ýyly üçin ak mekdepleriň bosagasyndan ätlärler. Täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görmegiň çäklerinde, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 1-nji awgustdan bäri paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde, etraplarda mekdep bazarlary raýatlarymyza dürli görnüşli okuw harytlaryny hödürleýär. Şeýle söwda nokatlary 1-nji synpa gadam goýýan körpeler, kiçi we uly ýaşly çagalar üçin niýetlenen okuw esbaplarynyň giň görnüşini hödürleýär. Harytlaryň aglaba böleginiň öz ýurdumyzda öndürilendigi bolsa aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Ýurdumyzyň çäklerindäki islendik mekdep bazaryna aýlanyp göreniňde täze okuw ýyly üçin döwlete dahylly we hususy pudaga degişli kärhanalarda öndürilen çagalar üçin okuw eşikleriniň, dürli esbaplaryň satuwa çykarylan nusgalary göze gelüwliligi, owadanlygy, bahalarynyň elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen importyň ornuny tutýan ýerli önümleri köpeltmekde ýerine ýetirilýän işleriň geriminiň barha giňeýändigini görkezýär. Mekdep bazarynda okuwçy gyzlara niýetlenen, türkmeniň milli ruhuna kybap gelýän ýakalary keşdelenen ýaşyl reňkli köýnekler bilen reňkdeş penjekler, fartuklar, zähmet sapagynda geýmek üçin niýetlenen lybaslar okuwçylarda uly höwes döredýär. Oglanlar hem bu

Döwletlilik ýoly

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny, kanuny bähbitlerini goramak, nurana ertirlerimiziň eýeleri boljak kämil bilimli, berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn ýaşlary ýetişdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Watanymyzyň halkara abraýy artyp, ykdysady kuwwaty pugtalanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi uly rowaçlyklara beslenýär. Anyk we ähli zady öz içine alýan bu taglymat hormatly Prezidentimiziň asylly, ynsanperwer maksatlarynyň many-mazmunyny hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de sazlaşykly, okgunly ösdürmegiň esasy özenini düzýär. Häzirki wagtda gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde obalar, şäherçeler, ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni-durmuş, iri önümçilik maksatly desgalar, beýleki köpsanly binalar gurulýar. Raýatlar üçin täze iş orunlary döredilýär. Bu işler ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi, ykdysady kuwwatynyň artmagy, raýatlaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, zähmet çekmegi, döretmegi ugrunda edilýän tagallalaryň rowaçlanýandygynyň güwäsidir.

Ganatly göwünler galkynýar

Ýurdumyzyň durmuşynda şanly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Meniň diller dünýäsine bolan gyzyklanmam, erjellik bilen çeken zähmetim ýyllarboýy eden arzuwyma ýetirdi. Häzirki wagtda mähriban halkymyzyň buýsanjy Aşgabat hem-de Arkadag şäherleri ýurdumyzyň umumy ösüşleri bilen birlikde, bilimleriň dabaralanýan mekanlary hökmünde hem uly meşhurlyga eýedirler. Ýaşlarymyz türkmen dili bilen birlikde, iňlis, rus, nemes, fransuz, ispan we beýleki daşary ýurt dillerini uly höwes bilen öwrenýärler. Dil öwrenmek, bilmek ynsana pähim-paýhas eçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilimiň ösüşleri babatda aýdan çuň manyly jümleleri biziň her birimiz üçin ýol görkezijidir: «Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir. Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr. Ylma, döredijilige, zehine üns berilýän ýurt elmydama ösüşde, özgerişde, galkynyşda bolupdyr». Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-nesihatlaryna, ýol-ýörelgelerine ygrarly bolup, okamagam, zähmet çekmegem bagtyýarlykdan nyşandyr.

Talyplyk — bagtlylyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklary üçin köpugurly şertleri döredýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly meniň hem ykbalymda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Maňa Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Bu ýokary okuw mekdebinde okamak, bilim almak durmuşymda täze sahypany açar. Hünärime kämilleşip, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşine mynasyp goşandymy goşaryn. Biz — ýaşlar ýurdumyzda kabul edilýän döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, berkarar Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň güýç-kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýip belleýär. Halkymyzy beýik ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri üstünliklere beslensin!

Gözlerimiziň röwşeni, ömrümiziň gelşigi

Çaga newrozy ýetginjeklik ýaşyndaky we ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik çagalara mahsus. Onuň ýüze çykmagyna içki agzalaryň keselleri, çagalykda sezewar bolnan ruhy şikesler, pajygaly ýagdaýlar, ýakyn adamlaryň ýitirilmegi bilen baglanyşykly başdan geçirilen dartgynlylyk sebäp bolýar. Adatça, il arasynda «depressiýa» diýlip atlandyrylýan bu kesel ýaz, güýz pasyllarynda ýitileşýär. Nerw dartgynlylygyndan ejir çekýän çaga gaharjaň, gyzma, aglak bolýar. Onuň keýpi tiz-tizden üýtgäp durýar, ukusy bozulýar. Howa we ýaşaýyş şertleriniň üýtgemegi, çaganyň nätanyş adamlaryň gurşawyna düşmegi, gorkunç kinofilmlere tomaşa etmegi keseli ýitileşdirýär. Täze ýaşaýyş-durmuş şertlerine uýgunlaşmak, täze endiklere we nätanyş adamlara öwrenişmek, ylaýta-da, 1-nji synp okuwçylaryna agyr düşýär. Şonuň üçin olarda newrozyň alamatlary has aýdyň ýüze çykýar, çaga mydama gaýgyly gezýär, ol aljyraňňy, synp işlerini ýerine ýetirmäge ýetişmezek bolýar, öýe berilýän ýumuşlara köp wagt sarp edýär, kitaby mekdep kadalaryna laýyklykda bellenen çaltlykda okamagy başarmaýar, özüniň her bir şowsuzlygyna gyýlyp, ýalňyzlykda hesret çekýär. Çaganyň özüni alyp barşy mugallymlarda nägilelik döredýär. Ol okuwa we köpçülik işlerine höwes etmeýär, haýsydyr bir işiň başlangyjyny goýmak boýunça teklip bilen çykyş etmeýär. Hiç zada gyzyklanma bildirmeýär. Onuň sapaga sebäpsiz gatnaşmaýan halatlary köp bolýar. Ýygy-ýygydan so

Akyldaryň hormat goýan ussady

Döwürleriň we köňülleriň şahyry dana Magtymgulynyň at-owazasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende galdy. Akyldar şahyryň edebi mirasy Watana, onuň keremli topragyna bolan beýik söýgä, belent duýga eýlenendir. Magtymgulynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanan A.N.Samoýlowiç şahyryň döredijiligine Hekim atanyň güýçli täsir edendigini nygtap: «Hywada dini bilim alan türkmen şahyry Magtymgulynyň öňki horezmli sopy Hekim atanyň edebi eserleri bilen baglanyşyklydygy şübhesizdir» diýip ýazypdyr. Ol Magtymgulynyň «Hezarystana sary» we Hekim atanyň «Şeýhim Ahmet Ýasawy» diýen goşgularyndan şu aşakdaky iki bendi mysal getiripdir:

Berkarar döwlet istärin

Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä şygryýetiniň genji-hazynasynyň dürdäneleridir. Onuň ajaýyp şygryýeti arkaly türkmeniň ady dünýä edebiýatyna altyn harplar bilen ýazyldy. Beýik Pyragynyň mähriban halkyna arzuw eden berkarar döwleti, bagtyýarlyga beslenen durmuşy bu gün eziz Diýarymyzda hakykata öwrüldi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Bu gün şahyryň öz eziz iline arzuw eden bagtyýar geljegi hasyl boldy. Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä kartasynda asudalygyň we agzybirligiň mekany hökmünde orta çykdy. Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan türkmen halky Magtymgula hemişe minnetdardyr. Çünki döwletimiziň mundan buýana-da mizemezligi we gülläp ösmegi üçin beýik şahyryň röwşen ideýalary, parasatly sargytlary, agzybirlik sapaklary hemişe-de derwaýysdyr» diýip belleýär.

Tebigat — ylham çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygy döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Adamzat hem tebigat biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gözelligiň çeşmesi, ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanylýan tebigat müňýyllyklaryň dowamynda öz baýlyklaryny adamlara sahylyk bilen eçilip gelýän genji-hazynadyr. Tebigatda her zadyň öz orny, öz ýeri bar. Howa, suw, Gün, gözel tebigat — bular birigip, ýaşaýşy hem-de özüneçekiji gözelligi emele getirýär. Bedew bady bilen öňe barýan berkarar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek, daş-töweregimiziň gözelliklerini gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak we olary halkymyzyň eşreti üçin ulanmak barada beýik işler alnyp barylýar. Çünki ýurdumyzda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň esasy ugrudyr.

Sport we saglyk

Sport we bedenterbiýe sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini durmuşa geçirmek, onuň işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem adamyň saglygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen, sazlaşykly ösmegine ýardam edýän ruhy we maddy gymmatlyklaryň jemini özünde saklaýar. Adam saglygyny berkitmekde we keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti uludyr. Az hereketlilik çagalaryň ösmegine zyýanly täsirini ýetirýär. Çagalarda az hereketlilik, ulular bilen deňeşdireniňde diňe bir fiziki taýdan däl-de, akyl taýdan hem bozulmalara getirip bilýär. Sport bolsa az hereketlilik arkaly döreýän näsazlyklaryň öňüni alýar. Hereket işjeňliginiň orta we gartaşan ýaşly adamlarda peselmegi aterosklerozyň emele gelmegine, gan damarlarynyň çeýeliginiň üýtgemegine hem-de bedende gan aýlanyşynyň bozulmagyna sebäp bolýar. Welosiped sürmek adam bedenine mahsus bolan hereketleriň uly göwrümini ýüze çykarýar. Bu bolsa biologik esaslary kemala getirmek bilen keselleriň öňüni almakda örän peýdalydyr.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Häzirki wagta çenli goýbolsun eden we yza süýşüren meýilnamalarynyň köpüsi hamallaryň ýadyndadyr. Geljek hepdäniň iş maksatnamalarynda olaryň käbiriniň ýene-de öň hatara geçmegi mümkin. Käbir ýagdaýlar işleriňizi gaýtadan guramagy hem talap eder.

Ýangyndan ägä boluň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýangynlaryň döremeginiň öňüni alyş işleriniň maksadalaýyk geçirilmegi üçin bu ugurdaky düzgünleri pugta berjaý etmegiň zerurdygyny ýatladýar. Senetçilik usulynda ýasalan gaz, elektrik enjamlaryny ulanmak, binadyr desgalaryň golaý ýerlerinde ot ýakmak, guran ot-çöpleri otlamaga ýol bermek, edaralaryň içindäki geçelgeleri dürli goşlardyr çig mallar bilen ýapmak talabalaýyk däldir.

Syýahatçylyk hyzmaty

Geljek ýylda Abu Dabiniň Zaýed halkara howa menzilinde syýahatçylara uçuş mahalynda pasportlaryny görkezmek zerurlygy aradan aýrylar. 2025-nji ýyla çenli Abu Dabiniň howa menzilindäki ähli howpsuzlyk barlag nokatlaryna emeli aň arkaly biometrik tassyklaýjy «Akylly syýahat» taslamasyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Taslama ýerli hökümetiň berýän maglumatlaryna görä, syýahatçylary awtomatik tanamak we uçuşlaryny tassyklamak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Şahsyýet, raýatlyk, gümrük we port howpsuzlygy boýunça federal edarasynyň maglumat bazalaryna esaslanar. Täze tehnologiýanyň esasynda ähli petek we syýahat resminamalaryny barlamak üçin adaty barlag nokatlarda, takmynan, ýedi sekunt gerek boljakdygy bellenilýär.

Bäsleşik

Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de bank ulgamynyň adyndan Döwlet münberiniň öňünden geçiriljek awtoulagyň bezeg işlerini ýerine ýetirmek, şeýle hem dabaraly ýörişe gatnaşýan ministrligiň we bank ulgamynyň işgärleri üçin bezeg aksessuarlaryny (şarlar, güller, baýdaklar, döşe dakylýan nyşanlar we ş.m) satyn almak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän taraplaryň teklipleri bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär.

Awtoulaglar barada gyzykly maglumatlar

Gatnaw üçin iň amatly we elýeterli bolan awtoulaglar ynsan durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Geliň, awtoulaglar barada birnäçe gyzykly maglumatlary okalyň! ■ 1886-njy ýylda iňlis oýlap tapyjysy Karl Benz ilkinji üç tekerli awtoulagy ýasaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 26-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi.

Türkmenistanda Kamboja Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Jenap Prezident!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Arçman” şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.

Milli aýdym-saz sungaty — nesilleriň ylham çeşmesi

“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi Aşgabat, 24-nji awgust (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän “Çalsana, bagşy!” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara

Garaşsyz ýurdumyzyň ýaş bagşy ýigitleri we gyzlary!Gadyrly ýaşlar! Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.