Döwletlilik ýoly

28 Awgust 2024
49

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny, kanuny bähbitlerini goramak, nurana ertirlerimiziň eýeleri boljak kämil bilimli, berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn ýaşlary ýetişdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Watanymyzyň halkara abraýy artyp, ykdysady kuwwaty pugtalanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi uly rowaçlyklara beslenýär. Anyk we ähli zady öz içine alýan bu taglymat hormatly Prezidentimiziň asylly, ynsanperwer maksatlarynyň many-mazmunyny hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de sazlaşykly, okgunly ösdürmegiň esasy özenini düzýär.

Häzirki wagtda gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde obalar, şäherçeler, ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni-durmuş, iri önümçilik maksatly desgalar, beýleki köpsanly binalar gurulýar. Raýatlar üçin täze iş orunlary döredilýär. Bu işler ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi, ykdysady kuwwatynyň artmagy, raýatlaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, zähmet çekmegi, döretmegi ugrunda edilýän tagallalaryň rowaçlanýandygynyň güwäsidir.

Ýolly MYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty.