"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli mirasa sarpa

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň iň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlyga degişli giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy meseleleriň hatarynda “Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi” ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça milli ýadygärlikleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etmek baradaky mesele boldy.

Saglygyň goragynda

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça öňdengörüjilikli syýasaty bu pudagy dünýäniň ösen derejesine çykardy. Halkyň saglygynyň berkidilmegine, ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmäge gönükdirilen çäreleriň pugta binýady döredildi. Türkmenistanyň kanunçylygyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak babatda daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen gepleşikler geçirilýär.

Üstünliklere beslenýän pudak

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmynyň ilkinji nobatdaky we geljegi uly wezipelerine ünsi çekip, milli ykdysadyýetimizi hem-de onuň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen depginli ösdürmek maksady bilen Diýarymyzyň tebigy serişdelerini gaýtadan işlemek we özleşdirmek boýunça tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtaýar. Dogrudan-da, durmuşyň häzirki şertlerinde himiýa senagatynyň eýeleýän ornuna baha bermek kyndyr. Lukmançylyk we saglygy goraýyş, agyr we ýeňil maşyn gurluşygy, durmuş himiýasy, mebel önümçiligi, azyk senagaty we iň täze ylmy pudaklaryň ählisi ol ýa-da beýleki derejede himiýa önümleriniň önümçiligine bagly bolup durýar.

Beýik işleriň gözbaşynda

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen parahatçylygy söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de syýasy, söwda-ykdysady, ulag, ylym-tehnika, medeni-ynsanperwer we beýleki möhüm ugurlar boýunça wajyp taslamalary amala aşyrmakda ygtybarly hyzmatdaşlar bolup durýan esasy halkara we sebitleýin hem-de köp döwletler bilen özara gyzyklanma bildirýän giň hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagyna mahsus bolan ýörelgelere esaslanýan daşary syýasy strategiýa yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şu syýasatyň üstünlige getirmegi, esasan, 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolup durýan döwletler tarapyndan Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berilmegi bilen şertlendirilendir. Häzirki wagtda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, syýasy durnuklylygy saklamak, dostlukly gatnaşyklary we netijeli halkara gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky tagallalaryň netijeli bolmagyna ýardam berýär.

Parahatçylyk we ynanyşmak ösüşleriň özeni

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Bitaraplyk — biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Türkmen halkynyň hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary ykdysady syýasatynyň özeni bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyz abraýly halkara ykdysady guramalary hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Halkymyz baky Bitaraplyk toýuny ýurdumyzyň durmuşyndaky taryhy özgerişler, ösüşler bilen baýram etdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, taýsyz tagallalary netijesinde amala aşyryldy. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan 2019-njy ýylyň awgust aýynda Parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini kemala getirmek boýunça goşmaça tagallalaryň amala aşyrylmagynyň zerurdygyndan ugur almak bilen, hormatly Prezidentimiziň öňe süren 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnama dünýä jemgyýetçiliginiň durmuşyndaky möhüm wakalaryň biri bolmak bilen,

Doganlyk gatnaşyklar berkidilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag-logistika ulgamynda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ulag-üstaşyr geçelgelerini giňeltmek ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Berkarar Diýarymyz ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, sebit we yklym ähmiýetli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek bilen uly üstünlikleri gazanýar. «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ulag-üstaşyr ulgamlarynyň döwrebap ugurlarynyň kemala getirilmegi yklymda ulag gatnawyny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ilkinji günlerinde gözbaşyny gadymyýetden alýan türkmen — owgan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda ýene bir şanly sahypa açyldy. Akina — Andhoý beketlerini birleşdirýän demir ýoluň, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçirijiniň ulanylmaga berilmegi iki goňşy döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine çykarýar. Akina — Andhoý beketlerini birleşdirýän demir ýol, Aziýanyň demir ýol ulgamynda hem möhüm bölege öwrüler. Owganystanyň sebitde köpugurly ulag ýollaryny döretmegiň taslamalaryna çekilmegi bilen ol öz geografik artykmaçlyklaryny Ýewraziýa yklymynda ulag-üstaşyr merkezi hökmünde peýdalanmak mümki

Bagt mekany — Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy uludan bellenilip geçiler. Ýurdumyzda şanly baýramçylyga gabatlanyp medeni-durmuş maksatly binalaryň ençemesi ulanmaga berler. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem birnäçe döwrebap binalaryň hatarynda halkara derejeli myhmanhanalaryň, Söwda we dynç alyş merkezleriniň, seýilgähleriň, ýerasty geçelgeleriň, awtomobil ýollarynyň toplumlaýyn gurulmagy gurluşyk pudagynda uly üstünlikleriň gazanylmagyny hem şertlendirdi. Elbetde, munuň özi halkymyz, myhmanlardyr syýahatçylar üçin köpugurly ýaşaýyş we dynç alyş şertleriniň üstünlikli ýola goýulýandygyny aňladýar. Paýtagtymyzyň A.Nyýazow şaýoly bilen H.A.Ýasawy köçesiniň çatrygynyň golaýynda gurluşyk işleri batly depginlerde alnyp barylýan «Garagum» myhmanhanasy, Söwda we dynç alyş merkezi, suw çüwdürimli seýilgäh, ýerasty geçelgeler, nesip bolsa, baş şäherimize özboluşly gözellik berer, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolar. Aşgabat şäheri tebigy taýdan gözel künjekde ýerleşýär. Günortasy gojaman Köpetdagyň gerişlerinden başlanýan Garagum sährasyna çenli uzap gidýän ajaýyp ymaratlar gözel tebigatymyz bilen utgaşyp, täsin keşbi emele getirýär. Hormatly Prezidentimiz go

Baglarynda bilbilleri saýraýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merjen paýtagtymyz Aşgabat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde gün-günden gözelleşýär. Milli Liderimiz Diýarymyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak bilen bir hatarda, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrýar. Bagy-bossanlyga bürenen gözel paýtagtymyz binagärlik sungatyna eýe bolýar. Ak mermerli gözel paýtagtymyz Aşgabadyň görki günsaýyn owadanlaşýar. Ýaşaýyş jaý we jemgyýetçilik gurluşygynyň uly gerimi, ilatyň medeni derejesiniň ýokarlanmagy halkyň çeperçilik däpleriniň ornunyň artmagyna ýardam edýär. Gün-günden rowaçlanýan, täze sepgitleriň eýelenýän döwründe gazanylýan netijeler Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň binagärlik ulgamynyň milli ýörelgeler bilen döwrüň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagynda sazlaşykly ösdürilýändiginden hem-de bu ösüşleriň bolsa ýurdumyzyň halkynyň ertiriniň eşretli boljakdygyndan habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyrmagy halk hojalygy toplumynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň hemişe üns merkezinde saklanýandygynyň mysaly bolup durýar. Şeýle hem, ol Aşgabadyň abadanlaşdyrylmagy we şäher gurşawynda ekologiýa abadançylygynyň üpjün ed

Olimpiýa şäherçesi — halkara ýaryşlaryň merkezi

Berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, sagdyn nesilleri ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine çekmek döwlet syýasatynda möhüm ugurlar hasaplanylýar. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän resminamalar berk bedenli ýaşlary terbiýelemekde hukuk binýadyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalary bilen sport ulgamynda ýaşlar üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Mähriban Watanymyzda milli Liderimiziň göreldesine eýerýän ýaşlar sportuň birnäçe görnüşinden başarnyklaryny artdyrýarlar. Muňa halkara sport bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşýan we baýrakly orunlary eýeleýän türkmen türgenleriniň ussatlyk derejesine seredenimizde, has aýdyň göz ýetirýäris. Milli Liderimiziň: «Ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmäge raýatlarymyzyň işjeňligini artdyrmaga hem-de saglygyny berkitmäge hemişe üns bereris» diýip belläp geçişi ýaly, döwletimizde bedenterbiýäniň we sportuň ösen ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek babatdaky tagallalaryň netijesinde, Türkmenistan köpçülikleýin sportuň ösýän we abraýly halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Golaýda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 6 — 12-nji sentýabry aralygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda, Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyry geçiriler. Şeýlelikd

Sagdynlyk — bagtyýarlyk

Sagdyn durmuş ýörelgesi saglygy gowulandyrmaga we bedende patologiki hadysalaryň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň toplumydyr. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berjaý edilmegi adamyň ömrüniň dowamlylygyny uzaldyp, immunitetini has-da ýokarlandyrýar. Sagdyn durmuşyň esaslary dogry iýmitlenmekden, fiziki işjeňlikden, zyýanly endiklerden daş durmakdan, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmekden ybaratdyr. Şunda, ýagny, dogry iýmitlenmekde tagam beriji serişdeleri, tagamy güýçlendirijileri, ýagly iýmitleri, boýaglary we konserwantlary ulanmakdan gaça durmaly. Aç gezmek ýa-da artykmaç iýmek bularyň ikisi-de özüňizi duýşuňyza erbet täsir eder. Gündelik ýokumlylygyň mukdaryny 1700 — 1900 kilokaloriýa derejesinde saklamaga çalyşmaly. Günüň dowamynda 1,5 — 2 litr möçberinde arassa suw içmek maslahat berilýär. Iýmitiňizdäki süýji önümlerini azaldyň. Ter gök önümlerini we guradylan miweleri köpräk ulanmaly. Nahardan soň gezmelemeli, hereketde bolmaly. Gündelik iýmitiňizde et we balyk, gök önümler, miweler, galla, süýt we süýt önümleri bolmaly. Fiziki işjeňligiň ýetmezçiligi madda çalşygynyň peselmegine, daýanç-hereket ulgamynyň kesellerine, ýürek-damar, nerw ulgamlarynyň näsazlyklaryna getirýär. Günde azyndan 1 sagat pyýada ýöremek maslahat berilýär. Ukudan öň arassa howada gezelenç etmek peýdalydyr.

Lukman maslahat berýär

Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derläp, öl saçly daşaryk çykmaga ýol bermeli däl. Pasyllara görä geýinmeli we witamin C — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli (bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri, kelem, käşir we beýleki bakja önümleri).

Haýwanat dünýäsinde täsin taýçanak

Zebra — daş keşbi ala reňkli täsin jandardyr. Olar, esasan, yssy ýurtlarda ýaşaýarlar. Olaryň watany Afrika hasaplanýar. Zebralar dürli otlar, agaçlaryň ýapraklary, ösümlikleriň kökleri bilen iýmitlenýär. Bu täsin jandarlar adatça, süri bolup gezýär. Zebralaryň sürüsine köplenç jerenler, düýeguşlar hatda žirafalar hem goşulýarlar. Adatça, haýwanat baglarynda hem žirafalar bilen zebralar bir ýerde saklanylýar. Zebralar süri bolup gezýän haýwanlaryň arasynda örän agzybirligi bilen tapawutlanýar. Olaryň bu oňat häsiýetleri ýabany ýyrtyjylardan goranmaga uly ýardam edýär. Göräýmäge, olar biri-birine örän meňzeş bolýar. Zebralaryň boýy ortaça 1,5 metre barabardyr. Olaryň tizligi sagatda 80 kilometre çenli ýetip bilýär. Özboluşly jandarlar ortaça 25 ýyl, kähalatlarda 35 — 40 ýyl ýaşaýarlar. Zebralaryň agramy 350 — 430 kilograma barabardyr. Zebralaryň derisindäki reňkleriň bir meňzeş görünýändigine garamazdan, olar ululygy we uzynlygy boýunça tapawutlanýarlar. Bilermenleriň bellemeklerine görä, olaryň göreji ýiti bolýar. Zebralaryň üç görnüşine gabat gelmek bolýar. Olar birnäçe kilometr uzaklykdaky zatlary görmäge ukyplydyr. Zebralar yssy ýerde ýaşamaga uýgunlaşandygyna garamazdan, daglyk ýerlerde hem duşýar. Bu täsin jandarlar Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşigiň gyzyl sanawyna goşuldy. Adaty bolmadyk reňkli zebranyň taýçanagy Keniýanyň «Masai Mara» milli seýilgähinde dünýä i

Bagtdan paýly körpeler

Gözel paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzda döwrebap çagalar bakja-baglarynyň ençemesi hereket edýär. Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň Oguzhan we G.Ezizow köçeleriniň arasynda ýerleşýän 165-nji çagalar bakja-bagy 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda gurlup ulanylmaga berildi. Indi 5 ýyldan gowrak wagt bäri bu döwrebap bilim ojagynda çagalar terbiýelenýär. 160 orunlyk bu çagalar bakja-bagy 2 gatly, ak mermerli uly binadan ybaratdyr. Bu ýerde çagalar toparlarynyň 8-si, ýagny, 2 sany bakja, 6 sany bag toparlarynyň terbiýelenmegi üçin dünýäniň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän ähli amatly şertler döredilen. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýilmegi ýöne ýerden däl. Ene-atalar öz çagalaryna döwrebap terbiýe bermekde ellerinden gelenlerini edýärler. Diňe bir ene-atalar däl, tutuş ýurdumyzda alnyp barylýan syýasat hem hut şu alada bilen gurşalandyr.

Halkymyzyň gadymy oýny «Ýaglyga towusmak»

Çagalar üçin niýetlenen milli oýunlaryň biri-de ýaglyga towusmakdyr. Bu oýun sport meýdançasynda hem oýnalýar. Ýaglyga towusmak oýnuny oýnamak üçin adyndan belli bolşy ýaly, dürli reňkli ýaglyklar ulanylýar. Oýunçylar iki topara bölünýär. Meýdançanyň ortasynda dürli beýiklikde birnäçe reňkli ýaglyklar asylýar. Oýunçylaryň esasy maksady has ýokarda ýerleşýän ýaglygy towsup almak bolup durýar. Oýunçy has ýokarda ýerleşýän ýaglygy alanda 3 utuk, ortada ýerleşýän ýaglygy alanda 2 utuk, aşakda ýerleşýän ýaglygy alanda bolsa 1 utuk gazanýar. Toparlar gezekli gezegine towusmak bilen ýaglygy almaga çalyşýarlar. Oýunda has köp utuk gazanan topar ýeňiji bolýar. Oýnuň esasy düzgüninde her oýunçynyň ýaglygy almaga bir gezek synanyşmaga hukugy bar. Eger-de oýunçy ýaglyga el degrip bilmese ýa-da ony alyp bilmese gezegi beýleki topara berýär. «Ýaglyga towusmak» gadymy milli oýunlarymyzyň biridir. Oýunda çagalaryň beýiklige bökmek, ylgamak endikleri ösdürilýär, dostluk, jebislik duýgulary kämilleşdirilýär.

Muny bilmek gyzykly

■ «Garpamyk we ýedi girdenek» «Disney» studiýasynyň ilkinji doly göwrümli animasiýa filmidir. ■ Uolt bilen Mikkiniň el-ele berip duran heýkeli 1993-nji ýylda döredilýär. Bu heýkel «Hyzmatdaş» ady bilen meşhurdyr.

Meşhurlyga öwrülen meýdança

Çagalaryň oýun meýdançalary körpeleriň wagtlaryny şadyýan geçirmäge, ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge uly ýardam edýär. Çagalar üçin niýetlenen ilkinji oýun meýdançasy haçan we nirede döredildikä? Bu barada bilmek, megerem, hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek. Çagalaryň oýun meýdançasyny döretmek pikiri ilki bilen Germaniýada döreýär. Germaniýanyň mekdeplerinde sapaklary has-da gyzgalaňly alyp barmak maksady bilen irki döwürlerde çagalaryň oýun meýdançalarynda ulanylan enjamlaryň birnäçesi peýdalanylýar. Çagalaryň ilkinji oýun meýdançasy 1859-njy ýylda Angliýanyň Mançester şäherinde döredilýär. XX asyryň başlarynda çagalar üçin niýetlenen meýdançalar ABŞ-nyň seýilgählerinde peýda bolýar. Wagtyň geçmegi bilen bu meýdança dünýäniň ähli künjeginde döredilýär. Şeýle meýdançalar seýilgähler bilen bir hatarda, umumybilim berýän orta mekdepleriň çäklerinde gurulýar. Oýun meýdançalary mugallymlar tarapyndan çagalaryň geçen sapaklaryny özleşdirmekde hem-de täze mowzugy oýunlaryň üsti bilen olara aňsatlyk bilen düşündirmekde ulanypdyrlar.

Siziň söýgüli multfilmiňiz «Towuk ylgawy»

Animasiýa studiýalary tarapyndan çagalara öwüt-ündew berýän ekran eserleri agzybirlik, dostluk, jebislik ýaly mowzuklar esasynda döredilýär. Şeýle ajaýyp multfilmleriň biri-de «Towuk ylgawydyr». Adyndan hem belli bolşy ýaly, multfilmiň esasy gahrymanlary towuklardan ybarat. Bu animasiýa eseri iňlis «Ardman Animations» studiýasy tarapyndan döredilýär. Multfilm studiýanyň iň naýbaşy eserleriniň biridir. Ekran eseriniň şowly çykmagyna amerikan «DreamWorks Animation» we fransuz «Pathe» studiýalary özüniň saldamly goşandyny goşýar. «Towuk ylgawy» multfilmi 2000-nji ýylyň 23-nji iýulynda ABŞ-da ýaýlyma berildi. Wagtyň geçmegi bilen bu multfilm birnäçe dillere, şol sanda türkmen diline terjime edildi. Körpeleriň köňül küýsegine öwrülen «Towuk ylgawy» multfilminiň dowamlylygy 84 minuda barabardyr. Gyzykly multfilm birnäçe halkara abraýly baýraklaryna mynasyp boldy. Bu bolsa ekran eseriniň şowly çykandygyna şaýatlyk edýär. Mähriban çagalar! Üns beren bolsaňyz, multfilmiň gahrymanlarynyň başdan geçirýän wakalary agzybirligiň gadyr-gymmatyny äşgär edýär. Onda özygtyýarlylyk, erkinlik mowzuklaryna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Multfilmiň gahrymanlary jebisleşip, maksadaokgunly hereket edip, uzak wagtdan bäri arzuwlan maksadyna ýetýär.

Aşgabat — gözelligiň dürdänesi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berýär. Öňňin milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Lebap welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministri gatnaşdylar. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy baradaky meselelere garaldy.

Gatnaşyklar berkidilýär

Ýakynda Daşary işler ministrliginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. YHG-niň binýadynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, duşuşyga gatnaşyjylar ählumumy howplar ýagdaýynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýetini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitde söwda-ykdysady, iri ulag we energetika taslamalarynyň başlangyçlary bilen çykyş edip, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maksatlaryna ýetilmegine düýpli derejede ýardam edýär.

Asudalygyň goragynda

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere we bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyp meselelere garaldy. Mundan başga-da, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, Garaşsyz döwletimizde mundan beýläk-de howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek boýunça olaryň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.