"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Täsin çözgüt

Günlerde bir gün gyzy kakasyna durmuş kynçylyklaryndan halys bolandygyny, olary çözmäge hiç hili güýjüniň galmandygy barada gürrüň beripdir. Ol göräýmäge bir meseläni çözdüm etse-de yzysüre ýene biriniň peýda bolýandygy hakynda kakasyna aýdypdyr.Gyzyň kakasy aşpez eken. Aşpez gyzyny öz ýany bilen aşhana alyp gelipdir. Kakasy üç sany gaby suwdan dolduryp, olary ýanýan oduň üstünde goýupdyr. Suw gaýnap başlan badyna gaplaryň birine ýeralma, ikinjisine ýumurtga, üçünjisine bolsa kofe atyp, olary gaýnatmaga başlapdyr. Gyzy kakasynyň näme düşündirjek bolýandygyna sabyrsyzlyk bilen garaşypdyr. Kakasy ýigrimi minutdan soň gaplary otdan aýryp, ýeralma bilen ýumurtgany her haýsyny aýratyn gaba salyp, kofäni bolsa käsä guýupdyr. Aşpez bularyň üçüsini hem gyzynyň öňünde goýup, gyzym, sen näme görýäň? — diýip sowal bilen ýüzlenipdir. Ýeralma, ýumurtga we kofe — diýip, gyzy jogap beripdir. Kakasy gowy synlamagy we elläp görmegi haýyş edipdir. Gyzy ilki gaýnan ýeralmany elläp görende onuň ýumşandygyny duýýar. Ýumurtganyň gabygyny aýyrýar we onuň gaýnap, gatyja bolup, bişenini görýär. Soňra kakasy gyzyna kofäni içip görmegi soraýar. Gyzy hoşboý ysly kofeden içensoň, kakasyndan bu zatlaryň nämäni aňladýandygyny sorapdyr. Kakasy:

Medeniýet — halkyň kalby

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň aýratyn möhüm ugurlarynyň biri hökmünde medeniýet ulgamy hemişe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar, çünki türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda täze döwlet we jemgyýetçilik ideologiýasyny kemala getirmek hut medeniýet bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Medeniýet döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet ulgamynda gazanylýan her bir üstünlik dürli durmuş maksatlarynyň tutuş toplumyny özünde jemleýär. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamy häzirki zaman jemgyýetiniň isleglerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň demokratik we durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de ynamly öňe gitmegi üçin ägirt uly kuwwata eýe bolmalydyr. Hut şoňa görä-de, milli Liderimiziň gozgaýan meseleleri türkmen jemgyýetiniň medeni derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýän gündelik medeni-köpçülikleýin işlerden başlap, medeniýet ulgamynda ylmy işiň usullaryny döretmäge, milletiň täsin taryhy-medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge we giňden wagyz etmäge, türkmen ýaşlaryny döredijilik bilen işjeň meşgullanmaga höweslendirmäge, milli mirasy öwrenmäge çenli möhüm meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar.

Dostlukly ýollar dowamat

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Geçen ýylda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny açyp, döwlet Baştutanymyz bu ugruň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Söwda toplumyny ösdürmek ugrunda

Söwda toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde esasy pudaklaryň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, bu ugurda ýetilen sepgitler, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek köp babatda bu pudagyň netijeli ösdürilmegine hem baglydyr. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen bu möhüm toplumy ösdürmek üçin uly möçberdäki maýa serişdeleri goýberildi, onuň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidildi, bu ulgamda halkara gatnaşyklary giňeldildi.

Keşbi ajaýyp Aşgabat

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-parasaty bilen amala aşyrylýan köpugurly özgertmeleriň netijesinde halkymyz bagtyýar ýaşaýşa eýe boldy. Ýurdumyzda bilimli ýaş nesil kemala geldi. Watan her bir ynsan ýüreginde nur saçyp, tugumyz belentde parlaýar. Şähergurluşyk-binagärlik keşbi barha kämil görnüşe gelýän mähriban paýtagtymyz bu gün bagtyýar halkymyzyň göz-guwanjyna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň buýsanjyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Aşgabatda ençeme medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi.

Beýik işleriň aýy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», milli derejede bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hökmünde başlanan 2021-nji ýylyň birinji aýy iri jemgyýetçilik-syýasy wakalaryna baý boldy. 1-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy çap edildi. Onda geçen ýylyň gysgaça jemleri jemlenildi hem-de şu ýyl üçin esasy wezipeler kesgitlenildi.

Saýlawlara taýýarlyk görülýär

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka öwrüljek bu çärä giňden taýýarlyk görülýär. Saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, 6-njy fewralda dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi. Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary öz mejlislerinde hödürleýärler. Olaryň barşynda ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasyna halk wekili bolmaga has mynasyp dalaşgärler görkezilýär. Dalaşgärleri hödürlemegiň tertibine laýyklykda, syýasy partiýalar, raýat toparlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary bolan wekilleriniň üsti bilen, Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärligi hödürläp bilýärler.

Müň bir derdiň dermany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslenýär, Ýer ýüzünde goldaw tapýar, bu, elbetde, içeri we daşary syýasatymyzyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýandygyndan habar berýär. Berkarar Diýarymyzyň ähli ugurlardaky ösüşleri günbe-günden ýokarlandyrylýar. Aýratyn hem, saglygy goraýyş ulgamynda uly öňegidişlikler gazanylýar. Hormatly Arkadagymyz halkymyzyň saglygy babatda ägirt uly işleri amala aşyrýar. Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, gözel paýtagtymyzda döwrüň ösen islegine laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralarynyň, döwrebap hassahanalaryň, keselleri anyklaýyş merkezleriniň onlarçasy gurlup ulanylmaga berildi. Lukman Arkadagymyz saglyk ulgamynyň ösüşlerine aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby häzirki wagtda lukmançylyk ylmynda, edaralarynda, halkymyzyň arasynda giňden peýdalanylýar. Kitapda tebipçilikde asyrlarboýy üstünlikli ulanylýan dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary jikme-jik beýan edilýär. Bu kitaplaryň okyjylar köpçüligine gowuşmagy asty hem üsti hazyna, çöli-düzi, sährasy, deňzi-derýasy melhemlik ot çöplere baý bolan ata Watanymyza, ene topragymyza buýsanç-söýgimizi has-da artdyrýar. Bu ylmy-ensiklopedik işde topragymyzda b

Watan waspy dillerde

Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän kitaplaryň her biri biziň üçin nusgalyk ýol-ýörelge, durmuşyň ruhy binýady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň kitaplary bagtyýar nesilleri agzybirlik, watançylyk, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde, watandaşlarymyzy berkarar döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda beýik işlere ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti, berkarar döwletimiziň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, türkmen halkynyň gadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten döwletlilik, ynsanperwerlik, agzybirlik, parahatçylyk ýörelgeleri hakynda çuň manyly gürrüň berýär. Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda döreden durmuş mekdebiniň binýadynda kemala gelendigini nygtamak bilen, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň goşgularyna ýüzlenip, bu barada anyk mysallary getirýär.

Seresaplylygy elden bermäň!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatdaky alnyp barylýan beýik işler uly rowaçlyklara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüji, ynsanperwer syýasatynyň netijesinde berkarar Diýarymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Şunda raýatlarymyzyň abadan we howpsuz ýaşaýşyny üpjün etmek has-da möhüm iş bolup durýar. Şuňa laýyklykda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär. Şu wajyp wezipelerden ugur alnyp Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy öz maslahatlary bilen raýatlarymyza ýüzlenip, şulary ýatladýar. Edara-kärhanalarda ýörite bellenilen ýangyn howpsuzlygy boýunça jogapkär adamlar ýangyn ýüze çykanda raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde uly jogapkärçilik çekýärler. Esasan hem, söwda kärhanalarynda halas ediş ýollarynda päsgelçilik beriji goşlaryň goýulmagy talabalaýyk däldir. Dükanlaryň, ammarlaryň, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryň ýerzemin gatlarynda partlaýan jisimleri, gazly ballonlary, ýanýan suwuklyklary, nitro esasly laklary, nitroemallary, durmuş himiýasynyň harytlaryny, aerozol gaply harytlary, şeýle-de olardan edilen önümlerdir ýokary ýangyn howply harytlary saklamak gadagan edilýär.

Jahana nusgalyk sungat

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen belleniljek Halkara zenanlar güni mynasybetli «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly baýramçylyk bäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşik gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen, jemi dört tapgyrdan ybarat baýramçylyk bäsleşiginde zenanlar hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň özlerinde galdyran täsirleri, gadymy we häzirki zaman nagyşlarynyň gelip çykyşy, döreýşi dogrusynda gyzykly gürrüň bermekde, el hünärlerini görkezmekde özara bäsleşdiler. Şeýle hem, jemleýji tapgyrda nagyşlar bilen baglanyşykly yrymlary, däp-dessurlary, nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän rowaýatlary, aýdyşyklary, gazallary, goşgy setirlerini çeper sahnalaryň we aýdym-sazlaryň üsti bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşik milli mirasymyzy ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekde, eli hünärli, çeper sözli gelin-gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çy

Il saglygyny nazarlap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde saglygy goraýyş ulgamy batly depginler bilen ösdürilýär. Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzda döwrebap halkara saglyk merkezleri, hassahanalar we saglyk öýleri gurlup ulanylmaga berildi. Olar döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýär, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary, işine ussat saglygy goraýyş işgärleri bilen doly üpjün edilýär. Saglygy goraýyş işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerine hem uly üns berilýär. Olara ýaşamak, dynç almak üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary berilýär. Saglygy goraýyş işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň işlemek, ýaşamak we dynç almak üçin ähli mümkinçilikleri döredýändigine jogap edip, halkymyzyň saglygyny goramakda uly depgin bilen, netijeli zähmet çekýärler. Ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak maksady bilen giň gerimli işler döwlet derejesinde alnyp barylýar. Ýokanç däl keselleriň düzümine howply täze döremeler keselleri girýär. Bu keselleriň garşysyna toplumlaýyn, meýilnamalaýyn pudagara işler utgaşykly alnyp barylýar. Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi ilata onkologiýa kömegini bermekde baş edara bolmak bilen öz ugry boýunça ýurdumyzyň umumybejergi ulgamynyň saglygy goraýyş we onkologiýa edaralaryna guramaçylyk-usulyýet hem-de amaly-maslahat kömegini berýär, onkologiýa we serediş otaglaryna b

Dünýäniň meşhur desgalary

Täsin binagärlik Alyslardan seleňläp görünýän, paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Estetiki merkezi 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň 10-una gurlup ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde açylyp ulanylmaga berlen bu ajaýyp desgada halkymyza gözellik we estetiki taýdan ähli ugurlar boýunça ýokary hilli kosmetologik hyzmatlary etmek üçin zerur şertler döredilen. Bu ýerde dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlarynyň kompaniýalarynyň häzirki zaman innowasion tehnologiýaly lukmançylyk we ýöriteleşdirilen enjamlary ornaşdyrylandyr. Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýasy tarapyndan gurlan lukmançylyk merkezi özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar.

Arassaçylygy berjaý edeliň!

■ Keseliň ýokuşmagynyň öňüni almak üçin arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň. ■ Ulanylan elýaglyklary ýuwup, gaýnadyň we ütükläň.

«Paýhas çeşmesiniň» dürdäneleri

■ Ulusyny sylan beg bolar, begini sylan — ýeg. ■ Kitap bilen söhbetdeş bolsaň, ýüregiň gysmaz.

Belent binalaryň artýar hatary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri we ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň diňe bir başyny başlaman, eýsem, olary durmuşa geçirmegiň — geljekki desgalaryň inžener-tehniki taýdan üpjünçiliginden we bezeginden başlap, ulanylmaga berilmegine çenli ähli tapgyrlaryny hemişe berk gözegçilikde saklaýar. Milli Liderimiz paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça iş saparlarynyň barşynda esasy gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşýar. Hut şonuň üçin-de, döwlet Baştutanymyz hiç bir zady ünsden düşürmän, gurluşyk işleriniň ähli meselelerine berk üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň desgalaryň aýratynlygyna, ygtybarlylygyna we howpsuzlygyna, daşky bezegine degişli oýlanyşykly teklipleri taslama düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar üçin ugur görkeziji çelgä öwrülýär.

Okgunly ösüşleri nazarlap

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady.

Gatnaşyklar berkidilýär

Öňňin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, daşary işler ministriniň BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler, hususan-da, onuň energetika, statistika, söwda we ulag, migrasiýanyň dolandyrylmagy, tebigy heläkçilikleriň peseldilmegi hem-de beýleki ileri tutulýan ugurlar bilen täze mazmuna eýe bolýandygyny bellediler.

Ýokary hilli önümler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri üstünlikli berjaý edilýär. Ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alan özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetde hususy pudagy goldamak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik milli ykdysady giňişliginde özüniň mynasyp ornuny eýeläp, ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň has ýokary basgançaklaryna ynamly çykmagyna kuwwatly itergi berýär, döwletimiziň gülläp ösmegini we halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döredýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini has-da artdyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeler kabul edilen toplumlaýyn döwlet maksatnamalarynda bellenen esasy ugurlar boýunça üstünlikli alnyp barylýar. Bazar-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, döwlet eýeçiliginiň dolanyşygyny yzygiderli kämilleşdirmek ösüşleriň zerur şerti bolup çykyş edýär. Ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda telekeçilik işiniň ähmiýeti uludyr. Telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegi, bazar gatnaşyklarynyň barha çuňlaşdyrylmagy, içerki sarp ediş bazarlarynda haryt bolçulygynyň artmagy h

Sazlaşykly gözellikleriň ak şäheri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen atlandyrylan 2021-nji ýyl ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ähmiýetli wakalara baý ýyllaryň biri hökmünde taryhyň altyn sahypalaryna ýazylýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy milli Liderimiziň halkara başlangyçlarynyň rowaçlanmagy, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy we beýleki köpsanly milli-medeni gymmatlyklarymyzyň dünýäde dabaralanmagy, milli ykdysadyýetiň ýeten sepgitleri bilen joşguna beslener. 1881-nji ýylda esaslandyrylan Aşgabat şäheri 140 ýylyň dowamynda düýpli özgertmeleri başdan geçirdi. Geçen ýyllarda toplumlaýyn şähergurluşyk-binagärlik çözgütleriniň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň paýtagty düýpli täze keşbe eýe boldy. Hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň açylmagy aýratyn bellärliklidir. Paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbini düýpli özgertmek babatda ýene-de ençeme iri taslamalaryň üstünde işlenilýär. Hormatly Prezidentimiz «Altyn kölüň» kenarynda täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçmegi paýtagtymyzyň has-da gözel keşbe eýe bolmagyny alamatlandyrar.