"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

At — döwletlilik

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi — milli atşynaslyk sungatynyň ösüşinde täze tapgyr Ministrler Kabinetiniň 10-njy fewralda geçirilen, ýurdumyzda 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek baradaky Permana gol çekmegi şöhraty dünýä dolan ýelden ýyndam bedewlerini ýakyn gardaşy, syrdaş dosty saýýan halkymyzyň bu milli gymmatlygymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy. Şonuň bilen birlikde munuň özi şeýle ajaýyp gymmatlyklary döreden we kämillige ýetiren merdana ata-babalarymyzyň at idetmek babatda toplan tejribesiniň, seýisçilik däpleriniň bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde döwrebap derejede ösdürilýändiginiň, täzeçe many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň ýene bir aýdyň mysaly boldy.

Altyn teňňedäki taryh

Watanymyzyň çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi halkyň medeniýetiniň ösmegine, baýlaşmagyna uly täsirini ýetiripdir. Biziň eýýamymyzdan öňki VI — II müňýyllyklardan başlap has giçki döwürler aralygynda ösen medeniýetli Margiana, Horezm, Seljuk imperiýasy, Merw ýaly döwletler emele gelýär. Mary taryhy çeşmelerde Erkgala, Gäwürgala, Şaýymgala, Soltangala, Abdylla han gala we Baýramaly han gala atlary bilen hem bellidir. Bu şöhratly toprak ýazuw çeşmelerinde «Margiana», «Mary as-Şahyjan», ýagny «Merw — şalaryň göwün küýsegi» ady bilen şöhratlanypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşensoň, dünýäniň çar tarapyndan gelýän kerwenler kerwensaraýlarda düşläp, bu ýerleriň bazarlarynda gyzgalaňly söwda edipdirler. Dürli wagtda dürli pullaryň ulanylandygy hem şonuň bilen baglanyşyklydyr.

Zenan kalbynyň nagşy

Türkmen zenanynyň zehinine baha berjek bolsaň, onuň gaýan keşde nagyşlaryny synlaýmalydyr. Iňňe bilen dürli reňkli sapaklardan döreýän keşdeler türkmen zenanynyň zähmetsöýerliginiň, edep-ekramlylygynyň, suratkeşliginiň nyşanydyr. Ol ene-mamalarymyzdan nesilme-nesil geçip gelýän inçe sungatdyr. Arzuw-hyýallara beslenip, yhlas bilen bejerilen keşdeler türkmeniň gymmatly mirasydyr. Şonuň üçin bu özboluşly täsin sungaty döredip bilen hem-de üstünden ýyllar, asyrlar geçse-de, şu günki güne çenli şol mukaddes senedi ösdürip, kämilleşdirip gelýän türkmen zenanynyň yhlasyna, zähmetine diňe guwanmak galýar. Sünnälenip bejerilen keşde nagyşlary hiç mahal öz owadanlygyny, nepisligini ýitirmejek mähir-muhabbete ýugrulan täsin dünýäden habar berýär. Gyz-gelinleriň barmaklarynyň gudratyndan dörän keşdeler teşne ýüreklere ýol açýar, nusga bolup ilden-ile gezýär. Türkmen zenanynyň owadan syrly dünýäsi milli nagyşlarda öz beýanyny tapýar.

Muzeýe syýahat

Änew şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine syýahat guraldy. Oňa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan guralan syýahata gatnaşyjylar muzeý zallaryna aýlanyp, ol ýerdäki gymmatlyklar we maglumatlar bilen tanyşdylar. Muzeýiň hünärmenleri şol tapyndylar dogrusynda täsirli gürrüň berdiler.

«Ýedi hazyna» näme?

Bir gün taryh sapagynda Öwezsähet mugallym halkymyzyň milli gymmatlyklary hakynda gürrüň berip otyrka, «ýedi hazynanyň biri» diýen jümläni aýtdy. Okuwçylar derrew bu jümläniň näme aňladýanyny aýdyp bermegini soradylar. Mugallym sanawaja meňzeş ýedi sany zady sanady: «Okasa – oglan, dokasa – hatyn, ekse – ekin, baksa – goýun, mäkiýan, mädiýan, gäwiýan». Synpdan ses çykmady. Emma mugallym sözüni dowam etdi:

Altyn teňňe muzeýe tabşyryldy

Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi geçmişde dünýä medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan halkymyzyň taryhy barada gürrüň berýän gymmatlyklary, Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlary özünde jemleýän örän baý gaznadyr. Bu muzeýiň gymmatlyklary ýaş neslimizi halkymyzyň taryhy bilen giňden tanyşdyrmakda, olary watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde, ýaşlaryň kalbynda baý ruhy-ahlak sypatlaryny kemala getirmekde örän uly ähmiýete eýedir.

Çerimgärlik sungaty

Halkymyzyň zergärçilik, kärizgenlik, halyçylyk ýaly sungatlary uly meşhurlyga eýedir. Milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan çerimgärlik sungaty hem ata-babalarymyzdan miras galan iň naýbaşy sungatlarymyzyň biridir. Deri bilen iş salyşýan adamlaryň yhlasy netijesinde ownuk we iri mallaryň hamyndan taýýarlanylýan dürli gön önümleri sungat derejesine ýetirilipdir. Çerimgärlik sungaty bilen meşgullanýan adamlara «çerimçiler» ýa-da «oltaňçylar» diýlipdir. Çerimçiler ownuk we iri mallaryň derisini işläp, ondan çaryk, çokaý, mesi, ädik ýaly aýakgaplary, şypyrtma, gytyk, silkme, bagana, ýarym bagana telpek ýaly başgaplary, erkek adamlar üçin deri balaklary hem tikipdirler. Goýun derisini işläp, gaýyş derejesine ýetirmek üçin çerimçiler köp zähmet çekipdir. Munuň üçin sagdyn goýunlaryň derisi alnypdyr. Saýlanyp alnan deriler ilki aşgara ýatyrylypdyr. Aşgar taýýarlamak üçin bolsa arpanyň uny ulanylypdyr. Arpany 4-5 gün uly gapda ezip goýanlaryndan soň, oňa eýlenjek deriler ýatyrylypdyr. Birnäçe gije-gündiziň dowamynda aşgara ýatyrylan deriniň tüýi aňsatlyk bilen aýrylypdyr. Deriniň ýüzündäki ýüň galyndylary doly aýrylmadyk ýagdaýynda rende ulanylypdyr. Bulardan başga-da, goýnuň derisi uly tut ýa-da erik agaçlarynyň kömegi bilen hem ýylmanypdyr. Soňra arassalanan deri bişirilipdir. Derini bişirmek üçin ýörite palçykdan ýasalan ojaklar ulanylypdyr. Bu ojaklaryň düýbi ýaýbaňrak bo

Türkmen hojalygynyň täsinlikleri (Ýaşlar we gadymyýetiň ýaňy)

Taryhy maglumatlardan bilşimiz ýaly, ХVIII-ХIХ asyrlarda türkmenleriň ykdysadyýetiniň esasyny ekerançylyk bilen maldarçylyk hojalygy düzüpdir. Maldarçylyk bilen meşgul bolýan göçme ilata «çarwalar», ekerançylyk bilen meşgul bolýan oturymly ilata bolsa «çomrular» diýlipdir. Emma çarwalar bilen çomrularyň arasynda hiç hili üzňelik bolmandyr. Olar bir-birleri bilen berk baglanyşykly eken. Bir obada, hatda bir maşgalada çarwaçylyk bilen meşgul bolýan hem, ekerançylyk bilen iş salyşýan çomrular hem bolupdyr. Tebigy şertlere, suwarymly ýerleriň möçberine görä, käýerlerde ekerançylyk agdyklyk etse, beýleki bir ýerde maldarçylyk agdyklyk edipdir. Türkmenistanyň tebigy şertlerine görä, ekerançylyk elmydama suw bilen baglanyşykly bolup gelipdir. Suw bilen üpjün, ekerançylyk üçin amatly ýerler Amyderýanyň orta we aşak akymynda, Murgap jülgesinde, Gürgen boýlarynda ýerleşendir. Türkmenistanda suwaryş ulgamy we dürli möçberdäki suw desgalary bolupdyr. Şolaryň iň gadymysy we ulusy Murgapda gurlan Soltanbentdir. Ol öz taryhynda birnäçe gezek ýumrulyp, ençeme gezek dikeldilipdir. ХIХ asyryň ortalarynda Murgapda Gowşut hanyň baştutanlygynda Gowşutbent, Tejen derýasynyň boýunda bolsa Mapak serdaryň baştutanlygynda Garrybent gurlupdyr. Bu bentler ilatyň ekin ýerlerini suw bilen üpjün etmekde uly orny eýeläpdir.

Gadymy hojalyk esbaplary

Balaman Tal agajyndan içi köwlüp ýasalan gaba «okara» diýilýär. Okaradan uluragyna «tabak», tabakdan ula «kersen», kersenden ula «balaman» diýilýär. Zenanlarymyz balamanda, kersende hamyr ýugurýar. Wagtyň geçmegi bilen olar könelip, çat açýar, jaýrylýar. Ökde ussalar ony galaýy kakyp çüýleýär, çyzygyny, ýarygyny ýamaýar. Şol ýama «çeňk» diýlip atlandyrylýar.

Gymmatlyklara bagyşlanan maslahat

7-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işi: dünýä tejribesi we ýetilen sepgitler» atly brifing-maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň hünärmenleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň professorlary, ABŞ-nyň, HHR-iň we Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, daşary ýurtly bilermenler, muzeý işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifing-maslahatda arheologiki tapyndylary rejelemekde, gorap saklamakda, ylmy taýdan öwrenmekde we wagyz etmekde amala aşyrylýan işler, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, tejribe alyşmak barada pikir alşyldy.

Durmuş ýörelgesiniň çyragy

Milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy hazyna saýan ata-babalarymyz «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp, bir kes» diýen ýaly durmuşda ýörelgä öwrülen nakyllary döredipdirler. Durmuşyň özünden susulyp alnan bu nakyllar aradan näçe wagt geçse-de ähmiýetini ýitirmändir. Nesil terbiýesi meselesinde halkymyzyň diňe özüne mahsus mekdebi bar. Ula sarpa goýmak, ýagşy işleriň, edim-gylymlaryň bilen kiçä görelde bolmak şol mekdebiň özenini düzýär. Halkymyzyň terbiýe mekdebi asyrlaryň dowamynda kämillik ýoluny geçipdir. Oguz hanyň ogullaryna berýän öwüt-ündewlerini ýatlanyňda-da muňa göz ýetirse bolýar. Nesilbaşymyzyň döwletliligiň açarynyň agzybirlikde, jebislikde, birek-birege goýulýan hormatdadygy baradaky aýdanlaryny halkymyz häzirki wagtda-da ýörelge saýýar. Toý tutýan ýaş juwanlara syrgynyň ýaşulusynyň ak pata berip, gelnaljyny ýola salmagy hem Gorkut atamyzdan gaýdan dowamat dessurdyr.

Watana gulluk — beýik mertebe

Watan her bir ynsan ogly üçin tarypyna söz ýetmez, aňyrsyna göz ýetmez gymmatlykdyr. Ata-babalarymyzdan gelýän kämil ýörelgä görä, her bir ynsan Watana, ene-ata bolan söýgüsini, yhlasyny, mähir-muhabbetini özüniň hereketi, edýän işi bilen ýüze çykarsa, bu mukaddeslikleriň öňündäki perzentlik borjuny berjaý etmegiň iň ajaýyp nusgasy hasaplanylypdyr.  Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Watana hyzmat etmegiň mukaddesligini her bir ynsan üçin ýol-ýörelge, şamçyrag edinip boljak derejede kämil beýan edýär: «Biziň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji we esasy şertimiz Watana bolan söýgümizdir! Watan biziň gözümiziň görejidir! Watan başymyzyň täjidir! Watana söýgi iň beýik söýgüdir! Watan — biziň guwanjymyzdyr!».

«Durky peleň, şir mysaly...»

Çarwaçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz Garagumuň ymgyr sähralygynda goýun-geçi bakyp, olary ýyrtyjy haýwanlardan gorap saklamak üçin gaýduwsyz, wepaly, batyr, hüşgär, örän düşbi goýun itlerini — alabaýlary ösdürip ýetişdiripdirler. Halkymyz itleri seçip-saýlamakda, köpeltmekde we kämilleşdirmekde baý tejribe toplapdyrlar. Alabaýlar goýun sürüsini goramakda çopan durmuşynda möhüm orny eýeläpdir. Çopanlar goýun itlerini güjüjekliginden alyp terbiýeläpdirler. Netijede, çopanyň janyna deňeýän mallaryny bakmaga, goramaga gaýym, mert, wepaly, örän sak we türkmen tebigatynyň yssy, sowuk şertlerine çydamly alabaýlar ýetişdirilipdir. Itleri saýlap almak we ösdürip ýetişdirmek tärleriniň dürli görnüşleri bolupdyr. Bu babatda, ilkinji nobatda, itleriň gelip çykyşy, nesilbaşylary anyklanypdyr. Çopançylyk tejribesine laýyklykda, goýun itini edinmek däbinde güjügi öz enesine saýlatmak usullary hem ulanylypdyr. Hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä, munuň üçin birnäçe usullar peýdalanylypdyr. Güjükler doglanyndan soň, haýsy güjük enesiniň ýanyna ilki barsa, şony iň dogumlysy hasaplapdyrlar ýa-da güjükler garaňky jaýa salnyp goýlanda, ene it haýsy güjügini ysyrganyp birinji tapsa, şol iň gowy it bolar diýlip çaklanypdyr. Şeýle hem haýsy güjügiň ýokarky äňi gara bolsa, olar örän batyr, sak goýun itleri bolup ýetişýär diýlen pikirler dowam edipdir. Goýun itleri üçin saýla

Gymmatly ýadygärlik

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda taryhy-medeni mirasymyza uly sarpa goýulýar. Şeýle sarpaly, aýawly saklanylýan mirasyň giň ýaýran görnüşleriniň biri hökmünde resminama ýadygärlikleri hem bellenmäge mynasypdyr. Bu gymmatly ýadygärlikleri hasaba almak işi hem özboluşly bolup, olar arhiwlerde, muzeýlerde, kitaphanalarda saklanylýar. Olaryň esasy saklanylýan ýeri arhiwlerdir. «Arhiw» latyn sözi bolup, «resminamalar gaznasy» diýmegi aňladýar. Arhiw resminamasy jemgyýet, döwlet, raýat üçin gymmaty taýdan uly ähmiýete eýedir. Olar bilen tanşyp, biz ynsan ykballaryna, şöhratly taryhymyza degişli maglumatlary alyp bilýäris. Ýurdumyzyň arhiwlerinde dürli döwlet edaralary, jemgyýetçilik guramalary, ylymda, medeniýetde, sungatda yz galdyranlar, önümçiligiň öňdebaryjylary, Watan goragynda mertlik görkezen görnükli şahslar, uruş hem zähmet weteranlary barada gymmatly maglumatlaryň uly toplumy saklanylýar. Şol resminama ýadygärlikleri öten nesilleriň mirasa, taryha gatnaşygyny hem özünde jemleýär.

Muzeý tapyndylaryna goşant

Täze taryhy gymmatlyk Hormatly Prezidentimiziň taryhy, medeni we muzeý gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary geljek nesillerimize miras goýmak hem-de taryhy maglumatlar bilen halk köpçüligini tanyşdyrmak barada öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde ýurdumyzyň taryha baý ýerlerinden gadymy döwürlere degişli taryhy gymmatlyklar ýüze çykarylýar.

ÝAŞMAK —ZENAN ZYNATY

Ýaşmak sylaşygy, ýaşuly nesle hormat-sarpany, galyberse-de, sagdynlygy hem-de gözelligi aňladýar. Halkymyz ýöne ýerden «Ýaşmak – ýaraşyk» diýmeýär. Ilçilikde ýaşmak asyllylygyň aňladylmasy saýylýar. Söýgi, mähir-muhabbet siňdirilip, gulagymyza «huwwa» bolup giren mukaddeslikler maşgala atly kiçijik ojakdan Watan atly ullakan mesgene uzaýar. Şol aralykdaky düşünjeler bolsa ynsanperwer garaýyşlary özünde jemleýär. Pederlerimiziň edim-gylymlarynda, urp-adatlarynda, milli däp-dessurynda gözelligiň hem-de sagdynlygyň utgaşygy, hormat-sylagyň, edep-terbiýäniň sazlaşygy berk duýulýar.

«Dutar janly» diýilýändir

Asyrlaryň dowamynda adamzat ýaşaýşyna ruhy güýç beren saz gurallaryň hersiniň döreýşi, gelip çykyş taryhy bar. Türkmen durmuşynda adamzat ýaşaýşynyň göwün küýsegini, söýgüsini gazanan saz gurallaryň biri-de, dutar saz guralydyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» kitabynda: «Asyrlar içre köňül syrdaşyna öwrülen türkmen dutary halkymyň iň meşhur, iň söýgüli saz guraly bolmagynda galýar» diýip nygtaýar. Türkmen durmuşynda dutar gadymy ynanja görä, ol öý-ojagyň abadançylygyny, agzybirligini, rysgal-berekedini goraýar diýen ruhy ýörelgä eýeripdirler. Elbetde, dutaryň ajaýyp owazyndan dörän joşgunly aýdym-sazlar türkmeniň ruhy dünýäsine, medeni durmuşyna öz täsirini ýetiripdir. Ussat bagşy-sazandalar dutaryň ýany bilen ajaýyp goşgulary heňe salyp, dutaryň waspyny belentden-belent ýaňlandyrypdyrlar. Bu saz guralynyň beýikligi hakda Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitabynyň: «Ýoluňyz açyk bolsun!» bölüminde:

Gursagynda başarnyk bar, zehin bar

Ynsan ömri. Ol edil heniz otarylmadyk erteki kibi gyzykly hem täsin. Şol täsinliklerden pürepür ömrüni halal zähmete bagyş eden adamlar bolsa, göwün matlabyna ýetip, gün-güzeranyny bol-telkilige utgaşdyrmagyň hötdesinden gelýärler. Hawa, hawa, ykbalyny päk zähmet bilen örklän ynsanlar mydama-da il içinde arzyly. Çünki durmuş kerweni her kimi öz ynsabyna, mynasybetine we ukyp-başarnygyna görä derejelendirýär. Ynsan daýhançylyga bil bagladymy, diýmek, oňa topragyň berekedinden rysk berip, ony döwletli kişä öwürýär. Şeýdip, barlygyň özboluşly arabaglanyşygy biziň ömür diýlip atlandyrýan menzilimizi görklendirip gidip otyr. Özem päk zähmeti, daýhançylygy saýlan adamlar üleşikden mydama paýly bolýarlar. Ine, şeýle rysgal-berekede eýe bolan daýhan zenanlaryň birem Sarahs etrabynyň «Gaňňaly» daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Güljemal Saparowadyr. Daýhançylyga bolan höwes bu gelniň ýüregini mydama ekinli pele sary atygsatdy durdy, ýogsam, ol obasyndaky çagalar bagynda terbiýeçi bolubam işleýärdi. Çagalara terbiýe bermek ýaly asylly käriniň daşyndan daýhançylyk işlerine-de ýetişýän bu gelniň edenliligi dogmundanam bellidi. Garagözelek, bugdaýreňkden gelen orta boýly gelniň Güne gaýzygan roýy, onuň topragyň tabyny bilýändigini aýan edip dur. Hereketi çakgan, eden işi eline gelşip duran Güljemalyň kalby zähmete bolan ymgyr söýgüden doly. Ol hiç haçan gol gowşuryp oturanok. Ene-atasam daýhan b

«...Goýun gije diýip aglar»

Çarwalaryň arasynda «Çaga eje diýip aglar, goýun gije diýip aglar» diýlen aýtgy bar. Sebäbi gije bakylýan mallaryň beýleki mallardan mese-mälim tapawudy bolýar. Gije bakylýan mallar ikindinara suwa ýakylýar we güýzde sentýabr aýynyň başyndan — oktýabr aýynyň ahyryna çenli bir aşyma gije bakmaga çykarylýar. Iki gijäni we bir gündizi meýdanda geçirip, gün irki guşluk bolanda suwa inen dowarlara, bir aşymdan gelen diýilýär. Ol mallar ilki agşam öriniň üstünde ýataklaýarlar we ýary gijeden täzeden örüzilýär hem-de şol tertipde bakylýar.

Söz manysy

Teg Ozallar obalarda çagalary ýatyrmak üçin ýüpden sallançak edilerdi. Häzirki döwürde onuň ýerini demir sallançaklar tutdy. Şol sallançagyň arasyny açmak üçin teg agajy ulanylýar.