Durmuş ýörelgesiniň çyragy

9 Fewral 2023
525

Milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy hazyna saýan ata-babalarymyz «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp, bir kes» diýen ýaly durmuşda ýörelgä öwrülen nakyllary döredipdirler. Durmuşyň özünden susulyp alnan bu nakyllar aradan näçe wagt geçse-de ähmiýetini ýitirmändir.

Nesil terbiýesi meselesinde halkymyzyň diňe özüne mahsus mekdebi bar. Ula sarpa goýmak, ýagşy işleriň, edim-gylymlaryň bilen kiçä görelde bolmak şol mekdebiň özenini düzýär. Halkymyzyň terbiýe mekdebi asyrlaryň dowamynda kämillik ýoluny geçipdir. Oguz hanyň ogullaryna berýän öwüt-ündewlerini ýatlanyňda-da muňa göz ýetirse bolýar. Nesilbaşymyzyň döwletliligiň açarynyň agzybirlikde, jebislikde, birek-birege goýulýan hormatdadygy baradaky aýdanlaryny halkymyz häzirki wagtda-da ýörelge saýýar. Toý tutýan ýaş juwanlara syrgynyň ýaşulusynyň ak pata berip, gelnaljyny ýola salmagy hem Gorkut atamyzdan gaýdan dowamat dessurdyr.

Täzegül MUHAMMETGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.