ÝAŞMAK —ZENAN ZYNATY

8 Fewral 2023
869

Ýaşmak sylaşygy, ýaşuly nesle hormat-sarpany, galyberse-de, sagdynlygy hem-de gözelligi aňladýar. Halkymyz ýöne ýerden «Ýaşmak – ýaraşyk» diýmeýär. Ilçilikde ýaşmak asyllylygyň aňladylmasy saýylýar.

Söýgi, mähir-muhabbet siňdirilip, gulagymyza «huwwa» bolup giren mukaddeslikler maşgala atly kiçijik ojakdan Watan atly ullakan mesgene uzaýar. Şol aralykdaky düşünjeler bolsa ynsanperwer garaýyşlary özünde jemleýär. Pederlerimiziň edim-gylymlarynda, urp-adatlarynda, milli däp-dessurynda gözelligiň hem-de sagdynlygyň utgaşygy, hormat-sylagyň, edep-terbiýäniň sazlaşygy berk duýulýar.

Saparnepes Atabaýew,
«Arkadagly Ýaşlar».