Gursagynda başarnyk bar, zehin bar

7 Fewral 2023
415

Ynsan ömri. Ol edil heniz otarylmadyk erteki kibi gyzykly hem täsin. Şol täsinliklerden pürepür ömrüni halal zähmete bagyş eden adamlar bolsa, göwün matlabyna ýetip, gün-güzeranyny bol-telkilige utgaşdyrmagyň hötdesinden gelýärler. Hawa, hawa, ykbalyny päk zähmet bilen örklän ynsanlar mydama-da il içinde arzyly. Çünki durmuş kerweni her kimi öz ynsabyna, mynasybetine we ukyp-başarnygyna görä derejelendirýär. Ynsan daýhançylyga bil bagladymy, diýmek, oňa topragyň berekedinden rysk berip, ony döwletli kişä öwürýär. Şeýdip, barlygyň özboluşly arabaglanyşygy biziň ömür diýlip atlandyrýan menzilimizi görklendirip gidip otyr. Özem päk zähmeti, daýhançylygy saýlan adamlar üleşikden mydama paýly bolýarlar. Ine, şeýle rysgal-berekede eýe bolan daýhan zenanlaryň birem Sarahs etrabynyň «Gaňňaly» daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Güljemal Saparowadyr.

Daýhançylyga bolan höwes bu gelniň ýüregini mydama ekinli pele sary atygsatdy durdy, ýogsam, ol obasyndaky çagalar bagynda terbiýeçi bolubam işleýärdi. Çagalara terbiýe bermek ýaly asylly käriniň daşyndan daýhançylyk işlerine-de ýetişýän bu gelniň edenliligi dogmundanam bellidi. Garagözelek, bugdaýreňkden gelen orta boýly gelniň Güne gaýzygan roýy, onuň topragyň tabyny bilýändigini aýan edip dur. Hereketi çakgan, eden işi eline gelşip duran Güljemalyň kalby zähmete bolan ymgyr söýgüden doly. Ol hiç haçan gol gowşuryp oturanok. Ene-atasam daýhan bolansoň, topraga, zähmete bolan söýgi onuň süňňi-süýegine heniz çagaka ornapdy. Onuň ýanýoldaşy Guwanç Goçyýew hem ene ýere göwün berip, bereket tapan tejribeli daýhanlardan. Häzirki wagtda olaryň 6 gektara barabar ekin ýeri bolup, bu maşgala şol ýeriň üç gektaryna kädi ekýär.

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.